Samsung Galaxy S25 Edge smartfony mahabat kampaniýalaryna we alyjylara wada berlen bonuslara garamazdan, satuwa gowşak başlady we şowsuz bolmaga ýakynlaşýar. Günorta Koreýanyň The Elec neşiriniň habar bermegine görä, smartfonyň satuwy kompaniýanyň çaklamalaryndan pes boldy, şol sebäpli Samsung onuň önümçilik möçberini azaltdy. Şeýle ýagdaý Samsung kompaniýasyna mahsus däl – brendiň flagman modelleri, adatça, çykandan soň ilkinji aýlarda gowy satylýar. Ýöne kompaniýanyň iň inçe smartfonyna bolan gyzyklanma garaşylmadyk ýagdaýda pes boldy. Bu hem geljekki meýilnamalary sorag astyna goýdy: Samsung hatda Galaxy S26 Plus-dan ýüz öwrüp, ony Edge wersiýasy bilen çalyşmakçydy, çünki Plus seriýasy satuw boýunça beýleki flagmanlardan yza galýar. Indi bolsa bu pikirden hem ýüz öwürmeli bolsa gerek. Munuň bilen ugurdaşlykda Samsung amerikan bazary üçin Galaxy Z Fold 7 we Flip 7 eplenýän modelleriniň önümçiligini artdyrýar. Neşiriň maglumatlaryna görä, iýun aýynda kompaniýa ABŞ üçin bu modellerden 600 müň birlik çykarar – bu geçen ýylky Fold 6 we Flip 6 üçin möçberden bir ýarym esse köpdür. Ýöne üpjünçiligiň artmagy islegiň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly däl. Samsung Günorta Koreýadan ABŞ-a import harytlary üçin 25 göterim gümrük paçlary güýje girmezden ozal mümkin boldugyndan köp smartfon ibermäge çalyşýar. Umuman, iýun aýynda kompaniýa Fold 7, Flip 7 we Flip 7 FE modellerinden 930 müň töweregi smartfon ýygnamagy meýilleşdirýär. Iýul aýynda önümçiligiň bazar islegine görä artdyrylmagyna garaşylýar.