PatRyk lakamly tehnologiýa höwesjeňi Nintendo Switch oýun konsolynda iOS mobil operasion ulgamyny işe girizmegi başardy. Taslama synag maksatly geçirildi – ulgam, takmynan, 20 minutda ýüklenýär we ähli goşundylar dessine ýalňyşlyk ýüze çykyp ýapylýar diýip, «Tom’s Hardware» neşiri ýazýar. Bu pikiri durmuşa geçirmek üçin iPhone 11-e niýetlenip döredilen QEMU emulýatorynyň üýtgedilen wersiýasy ulanyldy. Onuň Nvidia Tegra X1 arhitekturasy esasynda işleýän Switch üçin uýgunlaşdyrylmagy iki güne çekdi. Häzirki wersiýada çynlakaý çäklendirmeleri köp: gaty haýal ýüklenýär, ýygy-ýygydan näsazlyk ýüze çykýar we goşundylary işledip bolmaýar. Synag Nintendo Switch 2 konsolynyň yglan edilmegi bilen bir wagtda geçirildi, bu bolsa asyl enjamyň mümkinçiliklerine gyzyklanmanyň artmagyna sebäp boldy. Häzirki wagtda taslamanyň anyk peýdasy bolmasa-da, ol oýun ulgamlarynyň adaty bolmadyk ulanyş mümkinçiliklerini görkezýär. PatRyk taslamanyň entek başlangyç tapgyryndadygyny belledi. Geljekde ulgamy optimizirlemek we onuň funksiýalaryny giňeltmek mümkinçiliginiň bardygyny hem aýdýar. Şeýle-de bolsa, häzirki ýagdaýynda hem bu synag tehnologiýa jemgyýetiniň ünsüni özüne çekdi we oýun konsolynyň täsin ulanylyşyna ajaýyp mysal boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir