Subaru Legacy çykmasyny bes edýär. Bu brendiň iň üstünlikli modellerinden biridi
Subaru 36 ýyllap bazara çykan Legacy modeliniň önümçiliginiň tamamlanýandygyny mälim etdi. Köpugurlylygyň we ygtybarlylygyň nyşanyny dabaralandyran bu ulag ornuny brendiň täze işläp taýýarlamalaryna bermek bilen sahnadan düşýär.
Legacy rahatlygy, geçiş ukybyny we tygşytlylygy utgaşdyrmak arkaly, brendiň esasy alamatyna öwrülipdi. Awtoulag sp...
30 million ýyl ýaşy bolan ýantardan kebelek çykmaly ýumurtga tapyldy
antara, köplenç, "wagtyň kapsulasy" diýilýär. Sebäbi olardan ýygy-ýygydan millionlarça ýyllap şepbige ýelmeşip galan, taryhdan öňki mör-möjekler tapylýarlar. Nemes biologlary Baltika ýantarynyň içinden ýene bir täsin nusgany - 30 million ýyl mundan ozal kebelegiň çykmaly ýumurtgasyny tapdylar.
Palaeontologia Electronica žurnalynda çap edilen...
ABŞ-nyň Adalat ministrligi Google-dan Chrome-y satmagy talap edýär: derňew dowam edýär
ABŞ-nyň Adalat ministrligi Google kompaniýasyndan Chrome brauzerini satmagyny talap edýär. Bu çäre kompaniýanyň gözleg bazaryndaky monopoliýasyny aradan aýyrmak üçin görülýär. Bu barada kazyýet resminamalaryna salgylanyp, «TechCrunch» neşiri habar berýär.
Bu talap ilkinji gezek geçen ýyl, ýagny ABŞ-nyň öňki prezidenti Jo Baýdeniň administras...
Hytaýly alymlar 5G we 6G-de öwrülişik döredip biljek optiki çibi işläp düzdüler
Pekin uniwersitetiniň alymlary örän ýokary tizlikdäki 5G we 6G mobil torlary üçin esas bolup biljek, 100 GGs takt ýygylykda işleýän optiki çibi işläp düzdüler. Bu barada «Interesting Engineering» neşiri habar berýär.
Iň ýokary takt ýygylygy 6 GGs bolan adaty prosessorlar maglumatlary elektronlar, ýagny elektrik togy arkaly işleýärler. Şonuň...
Volkswagen ulaglaryna fiziki düwmeler gaýdyp gelýär
Sürüjileriň tankydy belliklerinden soň, Volkswagen diňe sensorly düwmeler arkaly dolandyryş ideýasyny terk etmek kararyna geldi. Kompaniýanyň baş dizaýneri Andreas Mindt «Autocar» neşiri bilen geçiren söhbetdeşliginde, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleriň täzeden giriziljekdigini aýtdy. Onuň pikirine görä, bu çözgüt ulagyň amatlylygyny we howps...
Toyota bölek şaýlaryň ýetmezçiligi sebäpli ýene bir gurnama hataryny togtadýar
Ýaponiýanyň Toyota Motor kompaniýasy ýakynda konsern üçin zerur şaýlary taýýarlaýan Chuo Spring kompaniýasynyň zawodynda bolan partlama sebäpli ýene bir gurnama hatarynyň işini togtatmaga mejbur bolýar. Bu barada Kyodo agentligi habar berdi.
6-njy martda Aýti prefekturasyndaky zawodda senagat tozan ýygnaýjysynyň partlamasy bolup geçdi. Wakan...
“Liwerpul” indi Nike-dan däl-de, adidas-dan geýner
“Liwerpul” öz resmi saýtynda adidas sport brendi bilen uzak möhletleýin şertnamanyň baglaşylandygyny habar berdi. Mersisaýdlylar ozal hem bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edipdi diýip, klubuň metbugat gullugy habar berýär.
“Liwerpul” we adidas täze köpýyllyk hyzmatdaşlyk barada ylalaşdy, onuň çäklerinde sport egin-eşiklerini öndüriji klubuň r...
Give me Sport Çempionlar ligasynyň taryhynda iň gowy derwezebany saýlady
Britaniýanyň abraýly Give me Sport portaly Çempionlar ligasynyň taryhynda iň gowy derwezebanlaryň reýtingini düzdi.
Sanawda birinji orny “Bawariýanyň” derwezebany Manuel Noýer eýeledi, ol topar bilen bilelikde karýerasynda ÇL ýaryşynyň iki gezek ýeňijisi boldy. Onuň yzyndan “Realyň” meşhur derwezebany Iker Kasilýas ýerleşdi. Oýunçy esasy ýew...
Türkmenistanyň birža söwdalarynda geçen hepdede 23 sany geleşik baglaşyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 29 million 355 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk...
Kanadanyň bankynyň öňki başlygy Mark Karni ýurduň täze premýer-ministri bolar
Kanadanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Mark Karni häkimiýet başyndaky Liberal partiýanyň liderligine saýlandy. Ol ýakyn wagtda premýer-ministr wezipesine girişer we bu wezipedäki Jastin Trýudonyň ornuna geçer. Bu barada «Associated Press» habar berýär.
Häzirki premýer-ministr Jastin Trýudonyň toparyndan bolmadyk ýeke-täk dalaşgär bolan Karn...
Ýeriň deňiz buz örtügi 1979-njy ýyldan bäri iň pes derejä ýetdi
2025-nji ýylyň fewralynda deňiz buz örtüginiň, 1979-njy ýyldan bäri, iň pes derejesi hasaba alyndy. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Copernicus howanyň üýtgemegi boýunça gullugy habar berdi.
Alymlar deňiz buzunyň, ýagny ummanlaryň ýüzünde ýüzüp ýören doňan suwuň çalt ýitip barýandygyny aýdýarlar.
"Ählumumy maýlamanyň netijeleriniň biri...
Ýewropa Bileleşiginde çaga dogluşy soňky 60 ýylda iň pes derejä gaçdy
2023-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda 3,67 mln çaga dünýä indi – bu 2022-nji ýyldakydan 5,4% azdyr. Görkeziji soňky 60 ýylda iň pesi boldy.
Ýewropanyň statistika agentliginiň täze hödürlän maglumatlary soňky gezek şeýle pese gaçyşyň 60-njy ýyllaryň başynda hasaba alnandygyny görkezýär.
Täze doglan çagalaryň tas ýarysy (46,4...
SpaceX Floridadaky kosmodromda Starship üçin uçuş meýdançalary gurmagy meýilleşdirýär
SpaceX Floridanyň (ABŞ) kenaryndaky kosmodromda Starship uçuşlary üçin infrastrukturasyny giňeltmek baradaky meýilnamasyny tassyklady. Raketa göterijiler «flotuny» döretmek üçin kompaniýa uçuş meýdançalaryny döwrebaplaşdyrar, täze önümçilik kuwwatlyklaryny gurar we NASA-nyň öňki ýerlerini ulanar.
Taslama laýyklykda, LC-39A we SLC-37 ýaly uçu...
Awstraliýada adam beýnisiniň öýjükleri bilen işleýän kompýuter döredildi
Awstraliýanyň Melburn şäherinde ýerleşýän Cortical Labs kompaniýasy dünýäniň ilkinji biologiki kompýuteri bolan CL1-i döretdi. Bu kompýuter laboratoriýa şertlerinde işlenip düzülen adam beýnisiniň neýronlary arkaly işleýär diýip, «ABC» habar berýär.
Kompaniýanyň ylmy ýolbaşçysy Brett Kagan CL1-de ýüz müňlerçe neýronyň bardygyny aýdýar. Bu ne...
Nissan "Bayside Blue" öwüşginde täzelenen Z 2025 modelini hödürledi
Nissan kompaniýasy täzelenen Z 2025 bilen tanyşdyrdy. Esasy üýtgeşikme GT-R R34-den tanyş bolan Bayside Blue öwüşgininiň gaýdyp gelmeginden ybarat. Tehniki häsiýetnamasy, bahasy öňküligine galdy.
Şeýle hem kompaniýa gara üçekli iki reňkdäki Pearl White Tricoat we Solid Red görnüşlerini goşdy. Palitrada Black Diamond Pearl, Stealth Gray, Bri...
NASA-nyň 9 aýlap kosmosda galan astronawtlary 16-njy martda Ýere gaýdyp geler
NASA tehniki näsazlyklar sebäpli Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) galan iki astronawtyň gaýdyp geljek senesini resmi taýdan yglan etdi. «Boeing Starliner» kosmos gämisinde ýüze çykan meseleler sebäpli, Sunita Uilýams we Butç Uilmor meýilleşdirilen 10 güne derek stansiýada 9 aýlap galmaly boldular.
«Space.com» neşiriniň berýän maglumatlaryn...
Emeli aňly täzelenen Siri 2026-njy ýyldan bärde çykmaz: taslama garaşylyşyndan çylşyrymly bolup çykdy
Apple kompaniýasy emeli aňly täzelenen Siri kömekçisiniň çykarylyşynyň yza süýşürilendigini resmi taýdan tassyklady. Işläp düzmeklik, garaşylandan, has köp wagt talap edýär.
Başda bu täzelenmäniň iOS 18.4 bilen bilelikde aprel aýynda çykarylmagyna garaşylýardy.
«Siri ulanyjylarymyza zerur zatlary tapmaga we wezipeleri çalt ýerine ýeti...
Honda bir zarýadda 650 km-e çenli ýol geçip bilýän täze S7 ulagyny hödürledi: bahasy 36 müň dollardan başlaýar
Honda kompaniýasy Dongfeng hytaý awtoulag öndürijisi bilen bilelikde işläp düzen täze S7 elektrokrossowerini tanyşdyrdy. Bu model premium derejesindäki ulag hökmünde hödürlenýär. Şeýle-de bolsa, 36 müň dollarlyk başlangyç bahasy bilen, müşderiler üçin elýeterli çözgütleriň biri hasap edilýär.
S7-niň esasy görnüşi yzky tekerlerden hereketlend...
Google-yň esaslandyryjysy EA-nyň kömegi bilen obýektleri taslamak üçin startapy işe girizdi
Google-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Peýj emeli aň ulgamyny önümçilik işlerine ornaşdyrmak bilen meşgullanjak Dynatronics startapyny döretdi.
The Information-yň maglumatlaryna görä, kompaniýa “ýokary derejede optimizirlenen” obýektleri awtomatik taslamak we olaryň soňraky önümçiligi üçin algoritmleri işläp taýýarlaýar.
Bu taslama K...
IPhone 17 Air smartfonynyň ýogynlygy 5,5 mm bolar
iPhone 17 Air smartfonynyň ýogynlygy bary-ýogy 5,5 mm bolar. Bu barada insaýder Ice Universe habar berýär.
Apple-iň geljekki smartfonynyň beýikligi 163 mm, ini 77,6 mm bolup, iPhone 17 Pro Max flagman smartfonyny gaýtalar, ýöne bu smartfon kuwwatly akkumulýatora eýe bolandygy sebäpli, has ýogyn – 8,725 mm. Smartfonlaryň ikisi-de iPhone 16 Pr...