Apple iPhone 17-niň esasy modelini täze A19 prosessory bilen enjamlaşdyrar. Bu barada insaýder we GF Securities-iň analitigi Jeff Pu habar berdi. Täze önümiň 2025-nji ýylyň ahyrynda çykarylmagyna garaşylýar. Punyň berýän maglumatyna görä, enjamyň adaty wersiýasy geçen ýylky modeline meňzeş 8 RAM göwrümini saklap galar. iPhone 17 Pro, 17 Pro Max we 17 Air wersiýalarynda A19 Pro-nyň RAM-y 12 Gb-a çenli köpeldilen çipi gurlar. Ozal iPhone 17 -de iPhone 16-nyňky ýaly çipler ulanylar diýip çaklanýardy. Mundan başga-da, iPhone 17 Pro-nyň we iPhone 17 Pro Max-yň titan däldigi belli boldy. Apple arzan materiallaryň - alýuminiň ýa-da poslamaýan poladyň peýdasyna premial materiallardan ýüz öwrer. Titan korpusly 17 seriýaly ýeke-täk model inçe iPhone 17 Air bolar. Şeýle hem, insaýder kompaniýanyň 2026-njy ýylyň ýazynda iPhone 17 býujet modelini çykarjakdygyny habar berdi. Smartfon iPhone 16-ä we iPhone 14-e gurnalanlara meňzeş OLED ekranyny alar.