ASUS güýçli prosessorly we uly ekranly täze Vivobook 18 noutbugyny hödürledi

ASUS kompaniýasy täze Vivobook 18 noutbugyny hödürledi. Ol 18,4 dýuýmlyk ekran we güýçli AMD Ryzen 7 8845HS prosessory bilen enjamlaşdyrylandyr.
Vivobook 18 AMD Ryzen 7 8845HS prosessory bilen işleýär – ol 5,1 GGs çenli takt ýygylygy bolan 8 ýadroly prosessordyr. Zen 4 arhitekturasyna esaslanýan prosessor, Radeon 780M integrirlenen grafikasy...

Dowamy »

46 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Audi meşhur R8 sportkaryny gaýtadan dikelder: täze wersiýanyň kuwwaty 1000 at güýjüne deň bolar

Audi kompaniýasy R8 sportkarynyň täze wersiýasyny taýýarlaýar. Bu modeliň önümçiligi 2024-nji ýylda tamamlanypdy. Autocar-yň maglumatlaryna görä, model kuwwaty 1000 at güýjüne barabar bolan gibrid güýç enjamy bilen üpjün edilip, taryhda awtomobiliň iň tiz wersiýasy bolar.
Bu taslama Audi-niň dolandyryş geňeşiniň başlygy Gernot Dýollner jogap...

Dowamy »

47 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Bloomberg: Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac-leriň interfeýslerine uly üýtgeşmeleri girizer

Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac-laryň interfeýsleri üçin uly täzelenmäni taýýarlaýar. «Bloomberg» neşiriniň žurnalisti Mark Gurmanyň habaryna görä, üýtgeşmeler ikonkalaryň stilini, menýulary, penjireleri we ulgam düwmelerini öz içine alar.
Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, kompaniýa nawigasiýany ýönekeýleşdirmäge we dürli enjamlaryň inte...

Dowamy »

52 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistanly küştçüler Çernogoriýada geçen dünýä çempionatyna gatnaşdylar

Petrowas şäherinde (Çernogoriýa) 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Bäsleşige 60-dan gowrak ýurtdan 255 sany iň güýçli ýaş küştçi gatnaşdy. Olar iki görnüşde – açyk (Open) we gyzlaryň arasynda iň güýçlini kesgitlemek üçin Şweýsar ulgamy boýunça 11 aýlawda ýaryşdylar. Açyk görnüşde 157, zenanlar toparynda...

Dowamy »

969 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Bilim ministrligi ýokary synp okuwçylaryň arasynda bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti "Bilim - üstünlige barýan ýol" bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşik 10-12-nji ýynp mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýär.
Ýaryş iki tapgyrda geçer we dört dersden ybarat bolar: matematika, fizika, himiýa we biologiýa.
Birinji...

Dowamy »

981 0
Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa komissary bilen gepleşikler geçirildi

12-nji martda daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistana sapar bilen gelen Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikela bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda “Merkezi Aziýa – ÝB” formatyndaky ilkinji sammitiň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda geçiriljek “Merkezi Aziýa–ÝB” formatyndaky ministrler derejesi...

Dowamy »

46 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistan bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

12-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň Ýewropa boýunça Sebitleýin direktory Brigitta Bişof Ebbeseniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň netij...

Dowamy »

44 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Tesla Cybertruck-dan gaýyg-a çykjak däl eken. Maskyň wadalaryna garamazdan, pikap suwa çümdi

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda Tesla Cybertruck-laryň biriniň eýesi Ilon Maskyň elektropikabyň suw geçirmeýändigi baradaky wadalaryny öz tejribesinde barlap gördi. 10-njy martda onuň ulagy Kaliforniýanyň Wentura portunda suwuň düýbüne çökdi diýip, «Los Angeles Times» neşiri ýazýar.
2023-nji ýylda, heniz Cybertruck köpçülikleýin önümçilige çykm...

Dowamy »

44 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Müsür 2034-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň oýunlaryny kabul etmegi umyt edinýär

Müsüriň futbol assosiasiýasynyň prezidenti Hani Abo Rida FIFA-dan 2034-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň käbir oýunlaryny kabul etmek üçin hukugyň berilmegini haýyş etdi diýip, «Newscentral» habar berýär.
2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen FIFA kongresinde, Saud Arabystany 2034-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň resm...

Dowamy »

42 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Hindistana goşmaça gatnawlary açýar

"Türkmenistan" awiakompaniýasy Aşgabat - Deli - Aşgabat ugry boýunça goşmaça gatnawlary ýola goýýar.
2025-nji ýylyň 15-nji martyndan 29-njy marty aralygynda her hepdäniň şenbe günleri goşmaça gatnawlar ýerine ýetiriler.
Uçuşlaryň sanynyň artdyrylmagy ýurtlaryň arasyndaky ulag gatnawlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen...

Dowamy »

52 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Futbol boýunça ýetginjekleriň Dünýä çempionaty-2025 we Arap milletleriniň kubogy Katarda geçiriler

FIFA-nyň Geňeşi Katary 2025-nji ýylda FIFA-nyň iki ýaryşynyň eýesi hökmünde tassyklady. Ýurtda 3-nji noýabrdan 27-nji noýabr aralygynda Ýetginjekleriň dünýä çempionaty (U-17), 1-18-nji dekabr aralygynda Arap milletleriniň kubogy geçiriler.
Ýetginjekleriň dünýä çempionaty ilkinji gezek giňeldilen formatda geçiriler: 48 topar 25 günüň dowamynd...

Dowamy »

981 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Apple kompaniýasy AirPods nauşnikleri bilen “görmek” mümkinçiligini hödürlär

Apple kompaniýasy emeli aňyň kömegi bilen daşky gurşawy skanirläp, maglumatlary gaýtadan işlemek üçin Apple Intelligence-e geçirýän kameralary bolan AirPods-yň üstünde işleýär. Ol ulanyjylara smartfony çykarmazdan, ýerleşýän ýeriňi bilmäge, nawigasiýany almaga kömek edip, obýektleri suratlandyryp biler diýip, Bloomberg habar berýär.
Akylly g...

Dowamy »

49 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistanda London uniwersitetiniň maksatnamalaryny ornaşdyrmak mümkinçiligi maslahatlaşyldy

Beýik Britaniýanyň akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleri Türkmenistan bilen bilim babatda hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça başlangyçlaryny öňe sürdüler. Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşykda Britaniýanyň bilim maksatnamalaryny utgaşdyrmak, okatmagyň häzirki zaman okuw usulyýetlerini ulanmak we iň...

Dowamy »

54 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Ylmy gözlegçiler täze buz eýýamynyň başlap biljekdigini çaklady

Ýene 10 müň ýyldan Ýerde täze buz eýýamy başlap biler. Science žurnalynyň habar bermegine görä, şeýle netijä Santa-Barbaradaky Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary geldi.
Ylmy gözlegçiler geçen global sowama döwürlerini seljerdi. Modelirleme klimat üýtgemeleriniň Ýeriň okunyň gyşarmagy bilen baglanyşyklydygyny görkezdi. Soňky 900 müň ýylda...

Dowamy »

47 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

FIFA hususy tokenini döredip biler

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino guramanyň hususy kriptowalýuta tokenini çykarmak mümkinçiligini gözden geçirýändigini aýtdy. Bu barada ol Ak tamda geçirilen kriptosammitiň dowamynda aýtdy.
FIFA-nyň ýolbaşçysy sanly tokeniň döredilmeginiň dünýä janköýerleri bilen has ýakyn we ýokary hilli aragatnaşygy ýola goýmaga kömek etjekdigini belled...

Dowamy »

981 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Samsung kompaniýasy Galaxy S25-de we eplenýän modellerinde One UI 8-ini synag edýär

Samsung One UI 7 täzelenmesini çykarmakda gijä galýar. Muňa garamazdan, kompaniýa eýýämden käbir modellerde One UI 8-i synagdan geçirip başlady diýip, «Gizmochina» neşiri habar berýär.
Häzirki wagtda One UI 7 diňe käbir seriýalar üçin elýeterlidir. Olaryň hataryna Galaxy S24, şeýle hem ýakyn wagtda beta wersiýasyny almaga başlan Z Fold 6 we...

Dowamy »

40 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Ford akkumulýatorynyň kontaktorlarynyň aşa gyzýandygy sebäpli Mustang Mach-E-ni yzyna çagyrýar

Ford 2021-nji we 2022-nji ýyllarda çykarylan Mustang Mach-E elektrik ulaglaryny yzyna çagyrýar. Munuň sebäbi - çalt zarýad berlende ýa-da birden tizligi artdyrylan wagtynda batareýanyň kontaktorlarynyň aşa gyzmagy bilen bagly. Bu kemçilik batareýanyň kuwwatynyň ýitmegine getirip we heläkçiligiň döremek töwekgelçiligini ýokarlandyryp biler diýip, A...

Dowamy »

52 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Kriştianu Ronaldu 30 ýaşyndan soň bu ýaşa çenli geçiren gollaryndan köp gol saldy

40 ýaşly Kriştianu Ronaldu soňky on ýylda öz mümkinçiliginiň ýokary derejesine ýetdi. “Al-Nasryň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi karýerasynda 927 goly tora girizdi we olaryň ýarysyndan gowragyny 30 ýaşyndan soň geçirdi – 464 gol. Bu ýaşa çenli ol 463 gol geçiripdi.
Bu görkezijini futbolçy 10-njy martda AFK Çempionlar ligasyny...

Dowamy »

973 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Aşgabatda Hytaýyň Şensi welaýatynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi

11-nji martda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň partiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary Sin Şanpiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Pikir alyşmalaryň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma eýe...

Dowamy »

45 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Amerikan biržasy Trampyň resessiýa barada aýdan sözlerinden soň aşa pese gaçdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýurduň ykdysadyýetinde bolup biljek «geçiş döwri» hakyndaky beýannamasy ABŞ-nyň gazna biržasynda güýçli pese gaçyşa sebäp boldy diýip, «Bloomberg» we «Reuters» neşirleri habar berýär.
Tramp 9-njy martda Fox News-e beren interwýusynda, 2025-nji ýylda ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň resessiýa düşmek ähtimallygy barada...

Dowamy »

48 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago