V Paraaziýa oýunlarynyň resmi nyşany we şygary tassyklanyldy

2026-njy ýylyň 18 ― 24-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde Paraaziýa oýunlary geçiriler.
Ýaryşyň guramaçylyk topary ýakynda onuň resmi nyşanyny we şygaryny tassyklady. Oýunlaryň şygary «Bir ýürege derman boluň!» diýlen jümle bolar. Paraaziýa oýunlarynyň resmi nyşanyny bolsa habarymyz bilen ugurdaş ýerleşdirilen suratda görýä...

Dowamy »

207 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ronaldu Dubaýdan göçme mülk satyn aldy

«Al-Nassryň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Birleşen Arap Emirliklerinden özüne göçme mülk satyn aldy. Bu mülk Dubaý şäherindäki «Milliarderler adasynda» ýerleşýär.
Ozaldan işlenip taýýarlanylan düzgünnama laýyklykda, bu mülk öňümizdäki bir ýylyň dowamynda portugaliýaly hüjümçä degişli bolar. Onuň bahasy mälim edilmedi, ýöne onlarça million ýer...

Dowamy »

275 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Sadio Mane dogduk obasyna üçünji uly sowgadyny hem bagyşlady

Ýakynda Senegalyň Bambali obasynda täze stadion açyldy. Ol «Al-Nassryň» hüjümçisi Sadio Maneniň serişdeleriniň hasabyna guruldy.
Täze stadionyň açylyş dabarasyna hüjümçiniň hut özi gatnaşdy. Sadio mundan ozal dogduk obasynda hassahana bilen mekdep hem gurdurypdy.
Mane 13-nji ýanwarda Kot-d’Iwuarda başlanjak Afrika kubogyna gatnaşmak ü...

Dowamy »

203 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Aşgabatda 2024-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2024-nji ýylyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Ol ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň özboluşly badalgasy boldy.
Turkmenportalyň habarçysynyň habaryna görä, çärä gatnaşyjylaryň arasynda Tü...

Dowamy »

202 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragy berildi

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşige ýurduň etrap we welaýat derejesinde geçirilen saýlama tapgyrlarda ýeňiji bolan 18 ýaşa çenli oglan-gyzlar gatnaşdylar.
Bäsleşik ýaş zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi...

Dowamy »

346 0
Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Bokurdak şäherçesinde täze mekdep we umumy ýaşaýyş jaýy gurlar

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän orta mekdebi we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün — 6-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmed...

Dowamy »

350 0
Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasy täze ýylda dört aýlawdan ybarat bolar

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasy, başgaça aýdylanda, Türkmenistanyň çempiony şu ýyl dört aýlawdan ybarat bolar. Bu barada TFF-niň Futzal bölüminiň başlygy Annanur Gulow «Türkmen sporty» gazetiniň habarçysyna beren interwýusynda aýtdy.
2023-nji ýylda çempionat üç aýlawdan ybarat bolupdy. Şol aýlawlaryň netijesinde Türkmenbaşy şähe...

Dowamy »

264 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Bilim işgärleriniň usuly-amaly taýýarlygy kämilleşdirilýär

3 — 9-njy ýanwar aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň guramagynda “Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir” diýen şygar bilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işgärleri we terbiỳeçi mugallymlary üçin usuly-amaly okuwlar geçirilýär.
Usuly-amaly okuwlaryň esas...

Dowamy »

346 0
Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Baýden Türkmenistanyň Prezidentini täze ýyl bilen gutlady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdenden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmen kärdeşine özüniň we maşgalasynyň adyndan iberen gutlag hatynda ABŞ-nyň Prezidenti:

Dowamy »

202 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Alymlar kofäniň garaşylmadyk peýdasyny agzadylar

Ýaponiýaly alymlar kofe içgisi ýadyňy we ünsüňi gowulandyrýar diýen netijä geldiler diýip, «Springer» neşirine salgylanýan «Report.az» ýazýar.
Ýagny ýurduň Sukuby uniwersitetiniň ylmy işgärleri bu ugurda geçirilen ylmy barlaglaryň dowamynda syçanlara 30 günläp, kofeniň, pažitnigiň we ýapon turpunyň düzüminde saklanýan trigonellin berdiler. S...

Dowamy »

214 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Altyn globus — 2024» baýragynyň laureatlary belli boldy

ABŞ-da kino we telewideniýe hünärmenleriniň geçen 2023-nji ýylda gazanan ýokary netijeleri mynasybetli gowşurylýan «Altyn globus» baýragynyň 81-nji gezekki gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada TASS habarlar agentligi habar berýär.

Baýraklar nominasiýalar boýunça aşakdaky ýaly görnüşde paýlanyldy:

Iň gowy režissýor<...

Dowamy »

204 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Birža söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Maltanyň telekeçileri we beýlekiler «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, polipropileni, yşyklandyryş keros...

Dowamy »

193 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Gresiýada Aleksandr Makedonlynyň köşgi 16 ýyldan soňra gaýtadan açyldy

Dünýä meşhur serkerde Aleksandr Makedonlynyň köşgi 16 ýyllap bölekleýin abatlandy, munuň üçin 20 million ýewro sarp edildi diýip, BBC habarlar gullugyna salgylanýan «Informburo.kz» ýazýar. Köşk nusgawy antik döwrüň iň gymmatly ýadygärlikleriniň biri hasaplanýar.
Saloniki port şäheriniň golaýynda ýerleşýän köşgi 2300 ýyl mundan öň gurupdyrlar...

Dowamy »

218 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanyň käbir sebitlerinde gar gatyşykly ýagyş ýagar

Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň käbir sebitlerinde ýagyş, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa gar gatyşykly ýagyş ýagar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen habarda şeýle bellenilýär:
Balkan welaýat...

Dowamy »

200 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ilkinji türk astronawtynyň äleme uçjak senesi belli edildi

Türkiýäniň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kaçyr öz ýurdunyň ilkinji astronawty Alper Gezerawjiniň 2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda kosmosa uçjakdygyny habar berdi. Bu barada türk habar beriş serişdelerine salgylanyp, «Trend» ýazýar.
Gezerawji kosmosa ispan, italýan we şwed astronawtlary bilen bilelikde ugrar.
Dört ada...

Dowamy »

199 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Resul Çaryýew Merkezi Aziýanyň iň gymmat derwezeçileriniň altylygyna girdi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň we «Arkadag» futbol toparynyň derwezeçisi Resul Çaryýew Merkezi Aziýanyň iň gymmat bahaly derwezeçileriniň sanawynda altynjy orna düşdi.
Germaniýanyň «Transfermarket» portaly türkmenistanly derwezeçä 175 müň ýewro baha kesýär.
Portala görä, Täjigistanyň «Istiklolynyň» derwezeçisi Rustam...

Dowamy »

268 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Parižde Türkmenistanyň energetika ulgamyna halkara maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler

Türkmenistanyň energetika ulgamyna halkara maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriler. Bu barada OGT habar berýär diýip, HHM ýazýar.
Forumyň dowamynda nebiti we gazy öndürmek, daşamak we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaş...

Dowamy »

199 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

KHBS: Mbappe «Reala» geçmegi saýlady

Fransiýanyň PSŽ klubynyň hüjümçisi Kilian Mbappe şu möwsümden soň Madridiň «Realyna» goşular. Bu barada Foot Mercato neşiri habar berýär.
23 ýaşly hüjümçi şu ýylyň tomsunda Pariž şäheriniň kluby bilen hoşlaşar. Şeýlelikde, ol 1-nji ýanwardan başlap, başga klublar bilen gepleşikleri geçirmek hukugyna eýe boldy.
Öňräk metbugat sahypalar...

Dowamy »

206 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Nebitmaş» DK — Türkmenistanda elektrotehniki önümleri öndürýän ygtybarly kärhana

Türkmenistanda elektrotehniki önümleri öndürýän öňdebaryjy hem-de ygtybarly kärhanalaryň biri bolup durýar.

Häzirki wagtda kärhana enjamlaryň we önümleriň köp sanly görnüşlerini, şol sanda şu önümleri hem hödürleýär:

- 0,4 kW çenli naprýaženiýede ulanmak üçin niýetlenen we 50 Hz ýygylykly RPS 1-100A, RPS 2-250A hem-de...

Dowamy »

205 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Hytaýly alymlar Garagumdaky Bokurdak obasyna baryp gördüler

Sinszýan Ekologiýa we geografiýa institutynyň we onuň Beýik Ýüpek ýoly üçin «Ýaşyl ösüş» gözleg merkeziniň, şeýle hem Hytaýyň Ylymlar akademiýasyna degişli Geologiýa we geofizika institutynyň we Akademiýanyň beýleki ylmy institutlarynyň hünärmenleri ýakynda Türkmenistana baryp, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we ýurduň Suw hojalygy baradaky dö...

Dowamy »

204 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago