“Altynjy duýgy” («Шестое чувство») we “Sapar” «Визит» filmleri bilen tanalýan režissýor M. Naýt Şýamalanyň täze “Duzak” («Ловушки») trilleri üçin treýler peýda boldy. Film.ru-nyň habar bermegine görä, filmiň ilkinji görkezilişini 9-njy awgustda guramak meýilleşdirildi. “Duzak” filminiň sýužetiniň merkezinde “Gassap” (Joş Hartnet) lakamly belli ganhor. Ol ýetginjek gyzy bilen konserte gelýär, ýöne tiz wagtdan bu çäräniň ony ele salmak maksady bilen gizlin gulluklar tarapyndan gurnalandygyna düşünip başlaýar. Özüniň duzaga düşenini görüp, ýüzlerçe adamyň jany orta goýulýan howply oýnuna başlaýar. Filmde režissýoryň gyzy, aýdymçy Selika Şýamalan hem surata düşdi. Şýamalanyň iň soňky eseri bolan “Gapy kakylýar” («Стук в дверь») 2023-nji ýylyň gyşynda çykdy we 20 million dollar býujeti bilen 54,8 million dollar gazandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir