Miçigan uniwersitetiniň gözlegçileri mugallymyň okuwçylaryň işini barlaýyş tertibiniň olaryň bahalaryna täsir edip biljekdigini anykladylar. Bu barada Management Science žurnalynyň materiallarynda aýdylýar. 31 milliondan gowrak bahalar baradaky ýazgylaryň seljermesine görä, familiýasy A-E harplary bilen başlaýan okuwçylaryň bahasy, familiýasy beýleki harplardan başlaýan okuwçylaryňky bilen deňeşdirilende, 100 bally ulgam boýunça bahalandyrylanda ortaça 0,3 bal ýokarydyr. Mugallymlar işleri elipbiý tertibiniň soňundan bahalandyryp başlanlarynda welin, netije başgaça boldy. W-Z familiýasy bolan okuwçylara tötänleýin tertipde barlananda has ýokary bal berildi we sanawyň başyndakylaryň ballary öňküsinden pes çykdy. Bu okuwçylaryň işiniň hili bilen baglanyşykly bolmadyk 0,6 bal tapawudy döredýär. Bu tapawut, ähmiýetsiz ýaly görünse-de, okuwçylaryň ortaça bahalaryna we netijede, geljekki karýerasyna täsir edýär. Gözlegçiler bu tapawudyň mugallymlaryň ýadawlygy bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýärler. Barlag işini barlamagyň ahyrynda olaryň ünsi peselýär, bu bolsa bahanyň peseldilmegine getirýär. Şunuň bilen baglanyşykly gözlegiň awtorlary şu aşakdakylary maslahat berýärler: Okatmagy dolandyryş ulgamlarynda işleri tötänleýin tertipde barlamagy ulanyň; Her kimiň iş ýüküni azaltmak üçin işe köpräk mugallym çekiň. Işleri barlamagyň tertibiniň baha goýluşyna täsir edýändigi barada mugallymlary habarly ediň.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir