Kanadaly biologlar eşegarylaryň diapauza (gyş ukusyna gitmek) ýagdaýynda suwa diýseň durnuklydygyny tötänden ýüze çykardylar. Bu barada Naked Science-de çap edilen makalada aýdylýar. Guelf uniwersitetinden Sabrina Rondonyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary tarapyndan geçirilen synag Bombus impatiens ene eşegarynyň, ýaşaýyş ukybyna zyýan ýetirmezden, ýedi güne çenli suwuň aşagynda ýaşap biljekdigini görkezdi. Ene eşegarylar jübütleşenden soň, ýerde kiçeňräk höwürtgeleri (15 santimetr çuňlukda) gazýarlar we “gyşlamak üçin” şol ýere girýärler. Olaryň diapauzasy käwagt alty aýdan dokuz aýa çenli dowam edýär. Ene şmeller tohumynda gyşdan aman galýan ýeke-täk görnüşdir, garry ene eşegarylar, işçi eşegarylar we erkek eşegarylar heniz güýzdekä ölýärler. Şeýdip ýer astynda “gyşlamak” mör-möjeklere sowukdan gutulmaga kömek etse-de, olar parazitler, heň-zeýler, topragyň we ýerasty suwlaryň hapalanmagy ýaly dürli ýaramaz faktorlara sezewar bolýarlar. Synag wagtynda Rondo tötänden dört sany ene Bombus impatiens-iň gyşlap ýatan turbasyna suw gidirdi. Birnäçe günden soň, alym ýalňyşlyk goýberendigine göz ýetirip, turbanyň suwuny dökende mör-möjekleriň diri galandygyna geň galdy. Bütin dünýäde eşegarylaryň sanynyň azalýandygyny göz öňünde tutsaň, bu açyş wajyp tozanladyjylaryň aşa kyn şertlere ozal pikir edilişinden has çydamly bolup biljekdigine umyt döredýär. Eşegarylar, esasanam, demirgazyk sebitlerde köp ösümlikleriň tozanlanmagynda möhüm rol oýnaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir