Türkmenistanda ýurt Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada wise-premýer M.Mämmedowa hökümet mejlisinde hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna milli senenamamyzyň şanly senesiniň hormatyna geçiriljek dabaralary talabalaýyk guramak maksady bilen işlenip taýýarlanylan degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we bu çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, degişi Karara gol çekdi we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir