2025-nji ýylda Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýrak Joel Mokire, Filipp Agiona we Piter Hauite berildi. Bu barada Şwesiýanyň patyşalyk ylymlar akademiýasy habar berdi. Baýragyň ýarysyny tehnologik ösüşiň esasynda ykdysadyýetiň durnukly ösmeginiň sebäplerini düşündirendigi üçin amerikan-ysraýylly ykdysadyýet taryhçysy Joel Mokir alar. Ikinji ýarymyny “döredijilik weýrançylygynyň” üsti bilen ösüş nazaryýetini işläp düzendigi üçin fransuz ykdysatçysy Filipp Agion bilen kanadaly alym Piter Hauitt paýlaşar. Nobel komitetiniň belleýşi ýaly, soňky iki ýüz ýylda dünýä ilkinji gezek millionlarça adama garyplykdan çykmaga mümkinçilik beren durnukly ösüşe syn etdi. Baýrak eýeleri innowasiýalaryň bu ösüşe nähili itergi berýändigini düşündirdi. Mokir taryhy çeşmeleri seljerip, jemgyýet diňe bir ol ýa-da beýleki prosesiň işleýşine däl, eýsem onuň näme üçin işleýändigine düşünen ýagdaýynda durnukly tehnologiki üstünlikleriň mümkindigini görkezdi. Şeýle-de, ol täze pikirlere açyklygyň we üýtgeşmelere taýýar bolmagyň möhümdigini belledi. Agion bilen Hauitt 1992-nji ýyldaky işinde “döredijilik weýrançylygynyň” matematiki modelini hödürledi. Bu nazaryýete görä, täze we has kämil önümler köneleri gysyp çykarýar, bu hem ösüşe getirip, şol bir wagtyň özünde köne gurluşlary ýok edýär. Geçen ýyl ykdysadyýet boýunça Nobel baýragyny “institutlaryň emele geliş prosesini we olaryň ykdysady gülläp ösüşe täsirini öwrenendigi üçin” Daron Asemoglu, Saýmon Jonson we Jeýms Robinson aldy. Ykdysadyýet boýunça baýragyň yglan edilmegi Nobel hepdeligini jemleýär. Baýraklaryň gowşurylyş dabarasy 10-njy dekabrda – Alfred Nobeliň aradan çykan güni Stokgolmda we Osloda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir