Toyota kompaniýasy 2025-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda öndürilen Sienna Hybrid awtoulaglaryny meýletin yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Öndüriji ikinji hataryň oturgyçlarynyň relsleri bilen baglanyşykly mümkin bolan meseläni ýüze çykardy, diýip Carscoops ýazýar. Şu tomus içerki synagda prototip oturgyçlaryň käbirinde kebşirlenişiň kompaniýanyň standartlaryna laýyk gelmeýändigi ýüze çykaryldy. Bu kemçilik Kentukki ştatynyň Harrodsburg şäherindäki Toyota Boshoku Kentukki zawodynda kebşirleýiş apparatynyň kalibrlenmegi bilen baglanyşyklydy. Netijede, relslerdeki kebşirleniş doly däl bolup, pugtalygy peselýär we heläkçilik ýüze çykanda howpsuzlyga täsir edip biler. Toyota meseläniň federal howpsuzlyk standartlaryna garşy gelmeýändigini, şu wagta çenli hiç hili şikes almanyň ýa-da şikaýatyň hasaba alynmandygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, kompaniýa ulaglary meýletin yzyna çagyrmak kararyna geldi: dilerler 2025-nji ýylyň dekabryndan başlap näsaz relsleri mugt çalşyp bererler. Yza çagyryş diňe 2025-nji ýylyň gibrid Sienna ulaglaryna degişli bolup, beýleki Toyota ýa-da Lexus modellerine degişli däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir