Ýakynda Oulu uniwersitetiniň (Finlýandiýa) alymlary ýewropa arçasynyň (Picea abies) pürlerinde altyn nanobölejikleriniň toplanyp bilýändigini ýüze çykardylar. Bu netijeler Environmental Microbiome žurnalynda çap edildi. Alymlaryň aýtmagyna görä, bu hadysa endofitleriň — ösümlik dokumalarynyň içinde simbiotik ýaşaýan mikroorganizmleriň — kömegi bilen ýüze çykýar. Endofitler ösümliklere ýokumly maddalary özleşdirmäge, gormon öndürmäge kömek edýär we biomineralizasiýa prosesine gatnaşýar. Onuň dowamynda zäherli ýa-da organiki däl maddalar, şol sanda altyn, dokuma içinde ýygnalyp, gatamak arkaly gorag funksiýasyny ýerine ýetirýär. Barlagda, Finlýandiýanyň demirgazygyndaky Kittilä altyn käniniň golaýynda ösýän 23 sany arça agajynyň 138 pürüniň nusgasy öwrenildi. Alymlar dört agajyň pürlerinde bakterial bioplýonka bilen gurşalan altyn nanobölejiklerini tapdylar. DNK seljermesi bu bakteriýalaryň esasan Cutibacterium, Corynebacterium we P3OB-42 görnüşlerine degişlidigini görkezdi. Alymlaryň pikirine görä, agaçlaryň kökleri suwda erän altyny özüne siňdirýär, soňra bolsa pürlere geçirýär we endofitler onda gaty nanobölejikler görnüşinde çökýär. Şeýle-de bolsa, bu altyny görmek ýa-da çykarmak mümkin däl: nanobölejikler öte kiçi — millimetriň milliondan biri derejesinde, şonuň üçin agaçlary çapmagyň manysy ýok. Ýöne pürleriň barlagy, altyn bölejikleriniň we ýörite bakteriýalaryň bardygyny anyklamak, täze altyn ýataklaryny gözlemekde peýdaly bolup biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir