Ata Watan
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly»
Sizde-de ähli zat häzirem ýerbe-ýer bolmagy mümkin. Öňi telärli jaýyňyz, tomusky dynç alyş üçin oňaýly daçaňyz, ýahtaňyz ýa-da motorly gaýygyňyz bardyr. Belki-de birnäçe awtoulagam edinensiňiz. Muňa garamazdan siz ýene-de söwda-satuw ugruna dahylly birnäçe kitaplary okamaga meýilli bolsaňyz, diýmek, siz mundanam has köp gazanmak hakda pikir edýäns...
UFC Umar Nurmagomedowyň indiki söweşiniň senesini aýtdy
Garyşyk söweş sungatynyň russiýaly wekili Umar Nurmagomedow indiki söweşinde ABŞ-nyň wekili Kori Sendhagen bilen duşuşar. Bu barada UFC-niň metbugat gullugy habar berdi. Söweş 5-nji awgustdan 6-njy awgusta geçilen gije Neşwil şäherinde (ABŞ) guraljak ýaryşda bolmaly. Tutluşyk sport ýaryşynyň esasy wakasy bolar.
Nurmagomedow 16 ýeňiş gazandy...
Maýkl Jordanyň krossowkasy auksionda 1,38 million dollara satyldy
ESPN-iň berýän habaryna görä, Maýkl Iordanyň NBA-da, iýmitden zäherlenendigine garamazdan, oýnan ýatdan çykmajak oýunlarynyň birinde geýen krossowkasy Goldin auksionynda 1,38 million dollara satyldy.
1997-nji ýylyň 11-nji iýunynda geçirilen “Ýuta Jaz” bilen NBA-nyň pleý-off seriýasynyň soňky tapgyrynyň bäşinji oýnundan öň Jordan özüni ýarama...
Winisius Žunior FIFA-nyň jynsparazlyga garşy ýörite komitetine başlyklyk eder
Ispaniýanyň çempionatynda özem birnäçe gezek jynsparazlyk babatda kemsidilmelere sezewar edilen, «Realyň» braziliýaly hüjümçisi Winisius Žunior FIFA-nyň jynsparazlyga garşy ýörite komitetine ýolbaşçylyk eder. Bu barada FIFA-nyň başlygy Janni Infantino Winisius we Braziliýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşygyndan soň Reuters-e habar habar berdi.
...
Şwarsenegger ABŞ-nyň prezident ýaryşyna gatnaşmak islegi barada aýtdy
Eger ABŞ-nyň kanuny prezident ýaryşyna gatnaşmaga rugsat beren bolsa, aktýor Arnold Şwarsenegger dalaşgär bolmaga synanyşardy. Bu barada ol “People” neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, rbc.ru habar berýär.
Ol 2024-nji ýylda geçiriljek ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna gatnaşyp-gatnaşmajakdygy baradaky soraga “Hawa, elbetde” diýmek bilen, b...
Hytaý bir gezekde uçurylan hemralaryň sany boýunça hususy rekordyny täzeledi
Hytaý 41 sany kiçi hemrany, hususan-da, Jilin-1-i orbita üstünlikli uçuryp, birbada birnäçe kosmos enjamyny orbita bir gezekde uçurmak boýunça hususy rekordyny täzeledi. Bu barada Hytaýyň Aerokosmos ylmy we tehnikasy korporasiýasyna salgylanyp, TASS habar berýär.
Maglumatlara görä, uçuryş CZ-2D raketasynyň kömegi bilen ýurduň demirgazygyndak...
Salat ýapragyndan taýýarlanan insulini sanjymsyz kabul edip bolar
Pensilwaniýa uniwersitetiniň Diş lukmançylygy mekdebiniň gözlegçileri salat ýapraklarynyň esasynda insulin döretdiler. Onuň düzüminde tebigy insulinde duş gelýän üç sany peptid bar we ony agyzdan kabul edip bolýar, süýji keseli bolan adamlaryň durmuşyny aňsatlaşdyrýar. Bu iş Biomaterials žurnalynda çap edildi.
Ösümligiň öýjük diwarlarynyň be...
Serdar Berdimuhamedow Islandiýanyň Prezidenti Gwýudni Ýouhannessony gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Islandiýa Respublikasynyň Prezidenti Gwýudni Ýouhannessona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gwýudni Ýouhannessona berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abada...
Türkmenistan Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak boýunça iş alyp barýar
Türkmenistanyň Prezidenti 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasyny» tassyklandy.
Gol çekilen Karara laýyklykda, şeýle hem bu «Ýol kartany» ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassykla...
Arkadag şäherinde seýsmik stansiýa gurlar
Arkadag şäheriniň häkimligi seýsmik yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmik stansiýany gurmak we enjamlaşdyrmak boýunça halkara bäsleşikleri geçirer. Bu barada degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Arkadag şäheriniň häkimligi şeýle hem jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtou...
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryndaky desgalarda azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler öndüriler
Arkadag şäherinde 2023 — 2026-njy ýyllarda azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçilik hem-de hyzmat ediş binalary, desgalary gurlar.
Degişli düzümlere azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçilik zolagynda binalarydyr desgalary gurmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek tabşyryldy.
Wenesuelanyň prezidenti Maduro boks boýunça hormatly dünýä çempiony boldy
Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) wekilleri Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro sportuň bu görnüşini ösdürendigi we türgenleri öňe iterendigi üçin hormatly dünýä çempiony guşagyny berdiler. Bu barada döwlet baştutanynyň metbugat gullugyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.
“Siziň sporty we türgenleri ösdürmek maksady bilen ýaran bo...
Russiýada 2024-nji ýylda Dostluk oýunlary geçiriler
Russiýada 2024-nji ýylda Dostluk oýunlary geçiriler. Bu barada RF-iň Prezidentiniň ýanyndaky Fiziki medeniýeti we sporty ösdürmek boýunça geňeşiň sekretary Marat Filippow aýtdy. Muny ptzgovorit.ru ýetirýär.
2024-nji ýylyň sentýabr aýynda halkara sport ýaryşlaryny geçirmek baradaky karary Wladimir Putin kabul etdi. Bu barada Peterburg halkara...
Horwatiýanyň Dubrownik şäheri Ýewropanyň iň köp syýahatçyly şäheri boldy
Horwatiýanyň uly bolmadyk Dubrownik şäheri Ýewropada iň köp syýahatçyny jemlän şäher boldy. Bu barada “Express” neşirine salgylanyp, potokmedia.ru habar berýär.
Holidu gözleg sistemasynyň maglumatlaryna görä, Dubrownikde her bir ýerli ýaşaýja 36 syýahatçydan düşýär. Deňeşdirmek üçin bellesek, Wenesiýada we Brýuggede bir ýaşaýjy üçin bu görke...
OpenAI GPT-3.5-turbo-ny we GPT-4-i täze funksiýalar bilen täzeledi we olaryň bahasyny arzanlatdy
Generatiw neýroulgamlaryndaky bäsdeşlik güýçlenýärkä, OpenAI-nyň başda durmagynda öňdebaryjylardan biri tekst döretmek algoritmleriniň täzelenen wersiýalaryny hödürledi we ulanyş çykdajylaryny hem arzanlatdy. Kompaniýa, başlangyç dil modelleriniň öňki wersiýalary bilen deňeşdirilende, mazmun döretmäge has köp mümkinçilik berýän GPT-3.5-turbo we GPT...
Dünýädäki iň gymmat brendiň ady belli boldy
Amerikanyň Apple korporasiýasy ýene-de dünýäniň iň gymmatly brendine öwrüldi, onuň gymmaty 880 milliard dollardan geçýär, muňa Kantar BrandZ-yň geçiren gözlegleriniň netijeleri şaýatlyk edýär.
Hasabatda: "Apple 880 milliard dollar bahasy bilen dünýäniň iň gymmatly brendleriniň sanawynda birinji ýerde durýar, ondan soň Google (ikinji ýer, 578...
Tokioda dünýädäki iň uly Garri Potter ýapyk seýilgähi işläp başlady
14-nji iýunda Tokioda ýaş jadygöý Garri Potter baradaky filmlere esaslanýan tematiki seýilgähiň tehniki açylyşy boldy. Kyodo News -yň habaryna görä, ilkinji bolup oňa metbugat wekilleri baryp gördüler. Seýilgäh köpçülik üçin eýýäm şu gün açyk bolar.
The Warner Bros. Studio Tour Tokyo - The Making of Harry Potter Garri Potter seýilgähi “Garri...
Türkmen zyýaratçylarynyň bir topary ýörite gatnaw bilen Mekgä haja ugradylar
15-nji iýunda «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji tapgyry Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.
Türkmen zyýaratçylaryny Saud Arabystanyna ibermeklik iýul aýynyň ortasyna çenli dowam eder.
Ýurdumyzyň zyýaratçylar...
Aşgabatda Fransiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi işläp başlady
Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Filipp Merlen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Türkmenistanyň DIM-niň binasynda geçirilen duşuşykda R.Meredow ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň onuň diplomatik işiniň amala aşyrylmagynda g...
Täjigistanyň ilçisi Şarifzoda Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar
Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Täjigistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farruh Homiddin Şerifzoda 15-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşygyň başynda ministr türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ö...
Milletler ligasynyň finalçylary belli boldy
Ispaniýanyň ýygyndysy UEFA Milletler ligasynyň finalynda Howratiýa bilen duşuşar.
15-nji iýunda Niderlandlaryň Enshed şäherinde ikinji ýarym final duşuşygy geçirildi. Onda Ispaniýanyň milli ýygyndysy Italiýanyň futbolçylaryny 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy.
Birinji ýarym final duşuşygynda 14-nji iýunda horwatiýalylar niderlandlylary go...
Guterriş BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Aşgabatdaky sebit merkeziniň ýolbaşçysyny belledi
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine täze ýolbaşçy belledi. BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesinde gruziýa...
Messi karýerasyndaky iň çalt goly geçirdi
Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Awstraliýanyň toparyna garşy dostlukly oýnuň dowamynda karýerasyndaky iň çalt goly geçirdi. Oýun 15-nji iýunda Pekinde geçirildi.
Messä hasaby açmak üçin 79 sekunt gerek boldy. Ol goly merkez bilen jerime meýdançasynyň gyrasyna ylgap, çep aýagy bilen saldy.
68-nji minutda Awstrali...
Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutdy
Şu gün, 16-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
TDH agentliginiň habar bermegine görä, mejlisde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen b...
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Gurban baýramyny bellemek barada Permana gol çekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 28-29-30-njy iýunda ýurdumyzda Gurban baýramyny bellemek baradaky Permana gol çekdi. Degişli resminama döwlet Baştutany şu gün, 16-njy iýunda Arkadag şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanda Gurban baýramy bel...