Meksikaly Saul Alwares amerikaly Edgar Berlangadan üstün çykyp, 76,2 kg çenli agram derejesinde Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC), Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA Super) we Bütindünýä boks guramasynyň (WBO Super) wersiýalary boýunça dünýä çempiony titullaryny saklady. Las-Wegasda (Newada ştaty) geçirilen ikinji orta agramda söweş tutuş 12 raund dowam edip, 34 ýaşly meksikalynyň emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi netijesinde ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Alwaresiň hasabynda 62 ýeňiş, iki ýeňliş we iki deňme-deňlik bar. 27 ýaşly Berlanga üçin bu ýeňliş karýerasynda ilkinji boldy. Onuň hasabynda 22 ýeňiş bar. Ýatlap geçsek, ilkibaşda bu söweş absolýut dünýä çempiony tituly ugrunda bolmalydy, ýöne ýakynda Alwares hökmany dalaşgär Uilýam Skulla garşy gorag geçirmekden ýüz öwrendigi üçin IBF guşagyndan mahrum boldy.