Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşýar. Ýokary derejeli mejlisiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe duşuşyklary geçirdi, şol sanda Germaniýanyň Hökümetiniň Baştutany we meşhur nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. «Merkezi Aziýa – Germaniýa» duşuşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra wekiliýetleriň Baştutanlary mejlisler zalyna çagyryldy. Gazagystan Respublikasynyň Baştutanynyň başlyklyk etmeginde geçirilýän Sammitiň işine Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolts, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýanyň Federal Kansleriniň 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Berlinde geçirilen «5+1» formatdaky birinji Sammiti şu formatdaky ysnyşykly gatnaşyklaryň başyny başlady. Şol duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlary parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir