14-nji sentýabrda Bundesliganyň 4-nji tapgyrynda “Holştaýn” “Bawariýa” bilen duşuşdy. Oýun Mýunhen klubunyň 6:1 hasabynda ýeňmegi bilen tamamlandy. Bu duşuşykda 38 ýaşly derwezeban we “Bawariýanyň” kapitany Manuel Noýer özboluşly rekord goýdy. “Holştaýn” Germaniýanyň ligasynda onuň ýeňen 37-nji topary boldy, bu ony Bundesliganyň taryhynda şeýle görkezijini gazanan ilkinji oýunçy etdi diýip, Bayern & Germany habar berýär. Bu oýunda ýene bir rekordy “Bawariýanyň” hüjümçisi Harri Keýn goýdy. 31 ýaşly iňlis türgeni “gol+pas” ulgamy boýunça, ýaryşyň taryhynda beýlekilerden has çalt 50 utuk toplady. Muňa ýetmek üçin oňa 35 oýunda çykyş etmek gerek boldy. Şeýlelikde, ol 44 oýunda şeýle netijäni gazanan Erling Holandyň öňki gazananlaryndan öňde boldy diýip, OptaFranz habar berýär. “Holştaýn” bilen oýunda Keýn het-trik geçirip, netijeli pas berdi. Noýer 2011-nji ýylda “Şalke-04-den” kluba geçeni bäri “Bawariýanyň” düzüminde oýnaýar. Keýn topara 2023-nji ýylda goşuldy. Ondan öň 2011-nji ýyldan bäri “Tottenhemde” oýnapdy. “Bawariýa” dört oýundan soň 9 utuk bilen Bundesligada birinji ýerde durýar. “Holştaýn” o utuk bilen iň soňky ýerde durýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir