FIFA 2023-nji ýylyň iň gowy tälimçisi üçin baýraga dalaşgärleri yglan etdi

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) 2023-nji ýylyň iň gowy tälimçisi üçin baýraga dalaşgärleriň atlaryny yglan etdi. Sanawa Hosep Gwardiola (“Mançester Siti”), Simone Indzagi (“Inter”) we Luçano Spalletti (“Napoli”, Italiýanyň milli ýygyndysy) girdi diýip, championat.com habar berýär.
Ýatlap geçsek, Gwardiola geçen möwsümde “Mançester Sitini”...

Dowamy »

143 0
Täzelikler, 9 months ago


“Ýeke özi öýde” we “Terminator 2” ABŞ-nyň Milli film sanawyna girizildi

ABŞ-nyň Milli geňeşi Kongresiň kitaphanasyna täze filmleriň goşulandygyny yglan etdi. Şu ýyl Golliwudyň birbada 25 filmi ABŞ-nyň Milli sanawyna girizilip, ýurduň medeni gymmatlygy hökmünde ykrar edildi diýip, championat.com habar berýär.
Sanawa “Hanym we ykmanda”, “Ýeke özi öýde”, “Terminator 2: Kyýamat güni” we “Apollon 13” ýaly meşhur film...

Dowamy »

108 0
Täzelikler, 9 months ago


«Mançester Ýunaýted» 2023/2024-möwsümdäki oýnan oýunlarynyň ýarysynda ýeňildi

Häzirki wagta çenli “Mançester Ýunaýted” ähli ýaryşlarda 24 oýna gatnaşdy we olaryň 12-si ýeňliş bilen tamamlandy. Soňky oýunda Erik ten Hagyň topary “Old Trafford” stadionynda “Bawariýadan” 0:1 hasabynda utuldy.
Şol bir wagtyň özünde, “Mançester Ýunaýted” 24 oýundan diňe bir oýny deňme-deň oýnady – “Galatasaraý” bilen oýun 3:3 hasabynda tam...

Dowamy »

107 0
Täzelikler, 9 months ago


Mask Tehasda tehniki uniwersiteti açar

Amerikaly milliarder Ilon Mask ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Ostin şäherinde tehniki uniwersitet açmagy meýilleşdirýär.
Report agentliginiň bellemegine görä, bu barada Maskyň The Foundation haýyr-sahawat guramasynyň salgyt deklarasiýasyna salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berýär.
“Pandemiýa döwründe Tehasa göçüp gelen Ilon Mask Ostinde u...

Dowamy »

113 0
Täzelikler, 9 months ago


Stambulyň taryhy merkezine giriş tölegli bolup biler

Türkiýäniň iň ilatly şäheri bolan Stambulyň häkimiýeti ulag dyknyşyklaryna we howanyň hapalanmagyna garşy göreşiň çäklerinde hususy awtomobilleriň şäheriň taryhy merkezine girmegi üçin töleg girizmegi meýilleşdirýär. Şeýle maglumat “Stambulyň şäher hereketiniň durnukly ösüş meýilnamasyndan” (SKUP) gelip çykýar diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Resm...

Dowamy »

117 0
Täzelikler, 9 months ago


Joşua bilen Uaýlderiň söweşiniň senesi we geçiriljek ýeri belli boldy

23-nji dekabrda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçiriljek boks agşamynyň öňüsyrasynda britaniýaly agyr agramly söweşiji Entoni Joşua bilen amerikaly garşydaşy Deonteý Uaýlderiň arasynda köpden bäri garaşylýan söweşi bellemek barada pikir alyşmalar dowam edýär.
SPN US ýaýlymynyň maglumatlaryna görä, Entoni Joşua bilen Deonteý Uaýlder söweşi 202...

Dowamy »

140 0
Sport, 9 months ago


TikTok dünýäde 10 milliard dollar gazanan ilkinji oýun däl programma boldy

Data.ai programma seljeriş üpjün edijisiniň soňky maglumatlaryna görä, TikTok 10 milliard dollar girdeji gazanan ilkinji oýun däl ykjam programma boldy. TikTok-yň gysga wideolar programmasynyň işjeň ulanyjysy 2021-nji ýylda her aýda 1 milliard artdy. Apple App Store-da we Google Play -de 10 milliard dollar gazanan platformanyň täze rekordy barada b...

Dowamy »

110 0
Täzelikler, 9 months ago


Hindistanyň gazna bazary Gonkongdan ozduryp, dünýäde ýedinji boldy

Hindistanyň gazna bazarynyň göwrümi Gonkongdan öňe geçip, göwrümi boýunça dünýäde ýedinji orunda durýar. Bu ýurduň ykdysady geljegi barada maýa goýujylaryň optimizminiň artmagy bilen şertlendirilendir. Bütindünýä gazna biržalary federasiýasynyň habaryna görä, noýabr aýynyň ahyryna çenli Hindistanyň Milli gazna biržasynyň umumy bazar kapitalizasiýas...

Dowamy »

106 0
Täzelikler, 9 months ago


Tesla awtopilot bilen bagly näsazlyk zerarly 2 million awtoulagyny yzyna çagyrýar

Tesla kompaniýasy ABŞ-nyň ýollarynda ulanylýan 2 million ulagynyň hemmesini diýen ýaly yzyna çagyrýar. Yza çagyryş programmasy Awtoýol hereketiniň milli dolandyryş gullugy (NHTSA) awtopilot funksiýasynyň işledilen wagtyndaky 956 töweregi ýol-ulag heläkçiligini öwrenenden soň başlandy.
Bu barada NHTSA tarapyndan çap edilen hatda aýdylýar. Aut...

Dowamy »

120 0
Tehnologiýa, 9 months ago


Germaniýada iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawyny düzdüler

TUV SUD nemes ekspert guramasy nemes awtoulag parkyny emele getirýän öz awtoulaglarynyň ygtybarlylyk derejesini çap etdi. Ondaky awtoulaglar tehniki gözden geçirilişde ýüze çykarylan möhüm kemçilikleriň statistikasyna görä ýerleşdirilýär. Hünärmenler Volkswagen Golf Sportsvan-y iň oňat model diýip ykrar etdiler we uzak wagtlap Dacia Logan tarapynda...

Dowamy »

125 0
Tehnologiýa, 9 months ago


Gatylygy boýunça Ýer ýüzünde almazdan soň ikinji material döredildi

Şotlandiýadan, Germaniýadan we Şwesiýadan halkara alymlar topary ýokary derejede berk materiallary döretmekde öňegidişlik gazandy. Olar gatylygy boýunça diňe almazdan birneme pes bolan uglerod nitridlerini aldylar. Gözleg Advanced Materials (AdvMat) ylmy žurnalynda neşir edildi diýip, gazeta.ru habar berýär.
Toparyň açyşy heniz 1980-nji ýyll...

Dowamy »

108 0
Täzelikler, 9 months ago


Ronaldu bilen Messi Google gözlegleri boýunça iň meşhur türgenleriň ilkinji onlugyna girmedi

«Inter Maýaminiň» hüjümçisi Lionel Messi we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 2023-nji ýylda Google arkaly gözlenen türgenleriň ilkinji onlugyna goşulmady. Bu barada championat.com habar berýär.
Bu sanawda birinji orny MFL-iň “Baffalo Bills” klubunyň (amerikan futboly) goragçysy Damar Hemlin eýeledi. Ikinji or...

Dowamy »

110 0
Täzelikler, 9 months ago


Ýamal Çempionlar ligasynda gol pasyny beren ilkinji 16 ýaşly futbolçy boldy

«Barselonanyň» futbolçysy Lamin Ýamal Çempionlar ligasynda ilkinji netijeli pasyny berdi.
Ispaniýaly futbolçy toparçalaýyn tapgyryň altynjy aýlawynda Belgiýanyň «Antwerpen» toparyna garşy duşuşykda netijeli pas berdi. Ýamal Çempionlar ligasynyň taryhynda gol pasyny beren ilkinji 16 ýaşly oýunçy boldy. Assist wagtynda onuň 16 ýaş 153 gün ýaşy...

Dowamy »

110 0
Täzelikler, 9 months ago


IPhone 16 smarfonunyň dizaýny mälim boldy

Täze «Apple» smartfonynda dikligine ýerleşdirilen kamera bolar. Bu barada lenta.ru MacRumors neşirine salgylanyp habar berýär.
Žurnalistler «iPhone 16» smartfonunyň irki prototiplerini aldylar. Bellenilmegine görä, «Apple» häzirki wagtda enjamyň aýratynlyklary boýunça tapawutlanýan iki prototipini synagdan geçirýär. Iň ähtimal nusgada yzky k...

Dowamy »

118 0
Tehnologiýa, 9 months ago


Türkmenistanyň Baş arçasynyň beýikligi 44 metr. Onda 4 müň oýunjak bar

Türkmenistanda däp bolşy ýaly, Baş arça Aşgabatdaky «Älem» medeni we dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdyldy. Şu gezekki Baş arçanyň beýikligi 44 metr bolup, diamteri 16 metre deňdir.
Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, bu arçany bezemek üçin 4 müň oýunjak we 55 müň dürli reňkdäki yşyklar ulanyldy. Arçanyň çür depesi...

Dowamy »

114 0
Täzelikler, 9 months ago


Ýewropa ligasynyň pleý-off oýunlaryna gatnaşjak klublar kesgitlenildi

Ýewropa ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň jemleýji tapgyry tamamlandy, şondan soň ýaryşyň pleý-off oýunlaryna gatnaşyjylaryň hemmesi kesgitlenildi.
«West Hem», “Braýton”, “Reýnjers”, “Atalanta”, “Liwerpul”, “Willýarreal”, “Slawiýa” (Praga), “Baýer” toparda birinji orundan Ýewropa ligasynyň pleý-offuna çykdy.
Ikinji ýerden “Fraýburg”, “M...

Dowamy »

113 0
Täzelikler, 9 months ago


Messiniň alty köýnekçesi auksionda 7 mln ýewro satyldy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany Lionel Messiniň 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda geýen alty köýnekçesi Nýu-Ýorkdaky Sotheby’s auksionynda 7 mln ýewro satyldy diýip, gazeta.ru habar berýär.

Bu 2023-nji ýylda häzirki auksionda satylan sport ýadygärlik zatlarynyň arasynda bahasy boýunça rekorddyr. Ýöne Sothe...

Dowamy »

100 0
Täzelikler, 9 months ago


Nowak Jokowiç 2023-nji ýylda ITF-niň dünýä çempiony diýlip ykrar edildi

“Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 24 gezek ýeňijisi, dünýäniň birinji raketkasy, serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç 2023-nji ýylda ITF-niň dünýä çempiony diýlip ykrar edildi. Jokowiç bu ada karýerasynda sekizinji gezek eýe boldy – bu erkekleriň arasynda rekorddyr diýip, championat.com habar berýär.
Ýatlap geçsek, geçen möwsümde Jokowiç “Uly tuwulgany...

Dowamy »

106 0
Täzelikler, 9 months ago


Lebapdaky himiýa zawody 94,1 million manatdan gowrak önüm öndürdi

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 94 million 147 müň manatlyk önüm öndürildi. Bu barada Jeyhun.news ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, degişli döwürde kärhana boýunça fosforly mineral dökünleriň 246 müň 535 tonnasy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwrüne görä 100,6 göterim ösüş depgi...

Dowamy »

107 0
Täzelikler, 9 months ago


«Bossan Concept»: ýatdan çykmajak Täze ýyl sowgatlary

Ýetip gelýän Täze ýylyň bosagasynda Aşgabatdaky «Bossan Concept» dükanlary — ýakynlaryna, dost-ýarlaryna hem-de kärdeşlerine ýokary hilli we hemişelik ýatda galjak sowgatlary gözleýänler üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Bu ýerde giň haryt görnüşleriniň hatarynda bezeglikler, gap-gaçlar, öý we jaýlar üçin aksessuarlar, şeýle-de dürli hili...

Dowamy »

105 0
Täzelikler, 9 months ago


TÝL ― 2023: 25-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

Ertir ― 14-nji dekabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 25-nji tapgyryň üç duşuşygy geçiriler. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda duşuşyklaryň geçiriljek ýeri, başlanjak wagty we eminleri barada aşakdaky maglumatlary berýär:

14.12.2023 ý. (penşenbe)

«Nebitçi» – «Aşgabat»

Dowamy »

107 0
Täzelikler, 9 months ago


Hytaýyň demirgazygyna güýçli gar ýagdy

Güýçli gar Hytaýyň demirgazygyny basdy diýip, «24KZ» habar berýär. Netijede, jemgyýetçilik ulag gatnawynyň işinde kynçylyk döredi. Gar we taýgançaklyk sebäpli, uly ýollarda hereket çäklendirildi.

Henan ülkesinde harasat sebäpli howplulygyň «gyzyl» derejesi yglan edildi.

Hytaýyň şäherleriniň üçüsinde çagalar baglary we...

Dowamy »

103 0
Täzelikler, 9 months ago


Amerikaly alymlar itleriň garramagyna garşy derman döretdiler

Amerikanyň San-Fransisko şäherindäki biotehnologik kompaniýada «It garrylygyna garşy derman» oýlanyň tapyldy diýip, «MIR 24» habar berýär.

Derman itleriň iri tohumlary üçin täsirlidir. Alymlar serişdäniň agramy 18 kilogram we ondan ýokary bolan ähli itleriň garramagyny haýallatmaga ukyplydygyny aýdýarlar. Ol ýaş bilen bagly keselleri...

Dowamy »

101 0
Täzelikler, 9 months ago


AFK-nyň kubogy ― 2023/24: «Altyn asyr» gök, «Rawşan» gyzyl köýnekçede çykyş eder

Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň futbolçylary ertir Täjigistanyň Kulýab şäheriniň «Rawşany» bilen geçirjek duşuşygynda meýdana gök köýnekçede çykarlar. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn böleginiň 6-njy tapgyrynyň çägindäki duşuşykda ýer eýeleri gyzyl köýnekçe geýer....

Dowamy »

107 0
Täzelikler, 9 months ago


AFK-nyň kubogy ― 2023/24: «Rawşan» ― «Altyn asyr» duşuşygyndan öň metbugat maslahaty geçirildi

Şu gün Duşenbe şäherindäki (Täjigistan) «Rumi» myhmanhanasynda AFK-nyň kubogy ― 2023/24-iň toparçalaýyn böleginiň 6-njy tapgyryndaky «Rawşan» ― «Altyn asyr» duşuşygyndan ozal metbugat ýygnanyşygy geçirildi. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
«E» toparçanyň çäginde duşuşjak bäsdeş toparlaryň baş tälimçiler...

Dowamy »

111 0
Täzelikler, 9 months ago