Tailandyň häkimiýetleri Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlaryň ýitileşmegi sebäpli awiagatnawlaryň ýatyrylmagy netijesinde ýurtda galan daşary ýurtly syýahatçylar üçin wagtlaýyn goldaw çäreleriniň girizilýändigini yglan etdi. Bu barada «Thai Examiner» neşiri habar berýär. Maglumatlara görä, ýurtda bolmagyň möhleti geçirilendigi üçin girizilýän jerimeleri ýatyrmak, myhmanhanalarda ýaşamak üçin arzanladyşlar we günde 2000 bat (takmynan, 55 dollar) möçberinde tölegleri bermek göz öňünde tutulýar. Ýöne bu tölegleriň jemi mukdary bir adam üçin 20 000 batdan (takmynan, 550 dollar) geçmeli däldir. Tailandyň immigrasiýa gulluklary howa giňişliginiň ýapylmagy sebäpli ýurtdan çykyp bilmeýän daşary ýurt raýatlarynyň ýurtda bolmagyň möhletini wagtlaýyn uzaltmaga hakynyň bardygyny mälim etdi. Wizanyň möhletini islendik immigrasiýa gullugyna arza bermek arkaly 30 güne çenli uzaltmak mümkindir. Bu çäreler ýagdaý durnuklaşýança dowam eder. Tailandyň Syýahatçylyk we sport ministrliginiň maglumatyna görä, awiagatnawlardaky bökdençlikler Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar bilen baglydyr. Munuň netijesinde ýüzlerçe gatnaw, şol sanda Dubaý arkaly geçýän ugurlar ýatyryldy, birnäçe awiakompaniýalar bolsa uçuş tertibini gysgaltdy. Ýurduň dört sany howa menzili wagtlaýyn çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz boldy, bu bolsa daşary ýurt raýatlarynyň uçuşynyň gijikdirilmegine sebäp boldy. Syýahatçylyk we sport ministrliginiň sekretary Nattariýa Taweewong kyn ýagdaýa düşen syýahatçylara ýeňillikli ýerleşiş şertlerini döretmek barada görkezme berdi. Myhmanhanalara wagtlaýyn eglenen daşary ýurtlular üçin ýörite nyrhlary hödürlemek maslahat berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir