Barselonada geçirilýän MWC 2026 sergisinde Xiaomi kompaniýasy Xiaomi 17 Ultra Leica Edition smartfonynyň halkara bazary üçin niýetlenen we Leica Leitzphone diýlip atlandyrylan görnüşini tanyşdyrdy. IT Home neşiriniň žurnalistleri enjamy iş ýüzünde synap gördüler we onuň dizaýnyny ähli tarapyndan görkezdiler. Model Hytaý bazary üçin niýetlenen görnüşinden daşky bezegi bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir görnüşde — iki reňkli dizaýnsyz, doly gara mat reňkli arka paneli bilen hödürlenýär. Leica logotipi dikligine ýerleşdirilipdir, kameralar blogundaky obýektiwleriň ýazgylary hem şol ugurda ýerine ýetirilipdir. Korpusyň gapdal çarçuwasy "şampan altyny" reňkine boýalypdyr we esasy zoom-obýektiwiň gyrasy bilen utgaşýar. Korpusyň gyrasynda bolsa Leica Camera Germany diýen ýazgy bar. Ekran: 6,9 dýuýmlyk AMOLED, durulygy 2608 × 1200 piksel, 120 Gs uýgunlaşýan täzelenme ýygylygy we 3500 nit ýokary ýagtylygy. Programma üpjünçiligi Leica-nyň şahsy şrifti ulanylyp, ak-gara minimalistik stilde taýýarlanypdyr. Kamera programmasynda Leica-nyň meşhur M9 we M3 modellerinden ylham alnan filtrleri öz içine alýan Leica Moment režimi bar. Mundan ozal Xiaomi-niň prezidenti Lu Weýbing Hytaýda Xiaomi 17 Ultra Leica Edition-yň täze görnüşini tanyşdyrypdy, ol daşky görnüşi boýunça Leica Leitzphone bilen doly meňzeşdir.