Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy. Medalyň ýüzünde elinde Ýer şaryny saklap duran Zews şekillendirilipdir, şaryň depesinde bolsa elinde zeýtun şahasy bolan ýeňiş zenan hudaýy Nika bar. Arka tarapynda Akropol we Parfenon bolup, grek dilinde «Halkara Olimpiýa oýunlary — Afina 1896» diýen ýazgy oýulyp ýazylypdyr. Bu medalyň daniýaly gimnastikaçy Wiggo Ýensene degişlidigi bellenilýär. Auksion öýüniň maglumatlaryna görä, ol agyr atletika boýunça ýurduň ilkinji olimpiýa çempiony boldy. Emma kompaniýa baýragyň hut şu görkeziji üçin berlendigi barada anyk subutnamalary getirmedi. Ilkinji Olimpiada diňe erkekler — 14 ýurtdan 241 türgen gatnaşdy. 1896-njy ýylyň oýunlarynda göreş, welosport, ýeňil we agyr atletika, gylyçlaşma, suwda ýüzmek, sport gimnastikasy, ok atmak we tennis görkezildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir