Baldan datly söýgülim,
Men günäli aşygam.
Jennet ysly söýgülim,
Men jezaly aşygam.
Gamly düşner halyma,
Agram düşdi janyma,
Janym düşün zaryma,
Men günäli aşygam.
Bagtym sensiň, näzli ýar,
Sensiz maňa dünýe dar,
Şatlyk,gülki sende bar,
Gülkiňe zar aşygam.
Demim gitdi demimden,
Erkim gitdi elimden,
Aklym uçdy serimden,
Men akylsyz aşygam.
Ýüregimde ýanýar ot,
Günbe-günden alýar bat,
Janym maňa diýme ya:t,
Men günäli aşygam.
Sapak boldy edenim,
Awy boldy iýenim,
Otly dondur geýenim,
Men jezaly aşygam.
Janym!
Şygrym tükenmez,
Ýürek ýandy bilinmez,
Gözden ýaşym kesilmez,
Gõzi ýaşly aşygam.
Döwlet Ýazgeldiýew 12.04.2021ý.
MrOKaS 3 years ago- Awtoryň başga goşgularny okap görmändirin welin bäşinji bentdäki kapiýa näteňetdräk eken. Beýle formadaky goşgulary näçe uzaltsaň uzaldyp oturbermeli welin sanawaç ýaly bolup gidýär.
"Janym
Şygrym tükenmez"
diýeniňä gowy welin dowamyna başgarak formada garaşýas )