Meniň näzik,ejiz göwnüm,
Gel sen bilen gürleşeli!
Her gözeli söýme göwnüm,
Gel indi biz dilleşeli!
Seň söýeniň seni söýmez,
Ýürekdäki duýgyň duýmaz,
Döken ýaşlaň asla görmez,
Şonuň üçin sözleşeli!
Gitjegi hiç saklamagyn,
Gidenden soň yzlamagyn,
Söýgi hakda sözlemegin,
Şeýdip indi dilleşeli!
Döwlet diýer göz monjugym,
Sensiň meniň söz joşgunym,
Ýeke agyzdyr diýjegim
Söýgi hakda gürleşeli!
By:Döwlet Ýazgeldiýew
Göwnüm
-
Nirvana
3 years ago
- "Döwlet diýer göz monjugym"
Göz monjugym - bu ýerde göwnüň manysyndamy?
-
nekrasow
3 years ago
- Hawa
-
Nirvana
3 years ago
- Молодец👍
-
nekrasow
3 years ago
- Yene goshgular bar welin hemmesin birden goysan tasirli bolmaz
-
Nirvana
3 years ago
- Haýsy temalarda?
-
nekrasow
3 years ago
- Esasan soygi yone aram aram bashga temalarda duzjek bolian basardygymdan
-
Aygul nuralyyewa
3 years ago
- Salam Nirvana...@Shahyrana
Nirvana 3 years ago- "Seň göreniň seni söýmez,"
Seň göreniň söýmeli diýen ýaly bolýar bu ýerde.
Seň söýeniň seni söýmez diýseň nähili bolar?!