Ölçerip dünýäniň agyr ýüküni,
Agramly bölegin egne atdym men.
Gyşyň açan näzik nowça gülüni,
Güýz paslynyň alkymyna ekdim men.
Sentýabr aýydy ykbalmyň güleni,
Oktýabr aýydy ýüregmiň ýanany,
Noýabr aýydy söýenmiň söýeni,
Aýlar aşyp yhlasyma ýetdim men.
Gijäniň tümlügi senlikde ýagty,
Haýystym almagyn menden ak bagty,
Tylladan gurdum men, seň üçin tagty,
Şalaryň tagtyn saňa bagş etdim men.
Gyssanma söwdügim ýanymda eglen,
Gaty sözler bilen ýüregňi dilmen,
Ýüregimden asla goparyp bilmen,
Söýenim ýekeje seni söýdüm men.
Döwlet diýer, sen ýara aşyk boldum,
Ugruňda diwana saralyp soldum,
Jennetiň gülüni seň üçin ýoldum,
Sen gözel dildara magşuk boldum men.
By:Döwlet Ýazgeldiýew 27.02.2021ý.
Men
-
nekrasow
3 years ago
- Umuman alanda sentyabrda shuwagt gurlesyan gyzyma dusdum
Oktyabrda dusnuksizlik bolly garaz mana hic hili jogap bolmady
Noyabrda tocna tansanyma 2 ay boldy diylen gun sozum ally
-
nekrasow
3 years ago
- Garaz shol bolmasa ylham yok...gosgyda aydysym yaly gowne gelenin galama duzyan
Nirvana 3 years ago- Sentýabr aýydy ykbalmyň güleni,
Sentýabrda ol ýara duşupsyň
Oktýabr aýydy ýüregmiň ýanany,
Ol ýar nädip ýakýar?
Noýabr aýydy söýenmiň söýeni,
Ilkinji gezek söýýän diýýärmi bu aýda?
Aýlar aşyp yhlasyma ýetdim men.
Umuman Noýabr aýy näme diýjek bolýar?!