Ukusyz geçirsem tümli gijäni,
Ukudan däl, sensiz galsam aglaryn.
Şatlykdan doldursam durmuş bijäni,
Şatlykly gün sensiz bolsam,aglaryn.
Bahar gelse, görki arka atlanyp,
Dostlar gelse,gülki bile şatlanyp,
Aýdym aýtsam, söýgi bile gaplanyp,
Aýdymlary sensiz aýtsam,aglaryn.
Gaharly pursatlar gelip-de geçer,
Garanky günlere Gün nurun seçer,
Aýly agşam Aýam şöhlesin saçar
Aýym-Günüm sensiz dogsa aglaryn.
Döwlet aýdar, ýaşaryn diňe seň üçin,
Ter çemen bogaryn diňe seň üçin,
Şygyrlar düzerin diñe seň üçin,
Şygyrlamda sen bolmasaň aglaryn.
Sensiz goýma sensiz diýip,aglaryn.
Döwlet Ýazgeldiýew 18.04.2021ý
Aglaryn
-
Gray_wolf
3 years ago
- MrOKaS, yok bolaymasa))
-
nekrasow
3 years ago
- MrOkaS emmalarny ginisleyin beyan eday
-
nekrasow
3 years ago
- Osjek bolyan nahala suw bersen sogap bolar
-
MrOKaS
3 years ago
- nekrasow 3 hours ago
Osjek bolyan nahala suw bersen sogap bolar
Hai tüweleme nahal diýdiň suw diýdiň kakraz menem ýere nasos gurup otyrdym ;)
-
MrOKaS
3 years ago
- @nerkasow
Ilki bilen goşgyň formasy kadasyz ýaly belki men ýalňyşýandyryn emma birinji bent bilen galan bentleriň formasy meňzeş däl. Birinji bentde 1 setir bilen 3 setir, 2 setir bilen 4 setir kapiýalaşýar. Belki bu adaty ýagdaýam bolmagam mümkin we käbir şahyrlarda beýle ýagdaý gabat gelýän bolmagam mümkin emma poýeziýaň kän çöregini iýenler üçin hiç welin täzeler üçin endik bolmasa gowy diýp hasaplaýan.
-
MrOKaS
3 years ago
- Goşguda ulanylan sözler çenden aşa adaty we ýönekeý. Has agyrrak sözlerden ulansaň goşgyň manysy çuňlaşar. Meselem iň ýönekeý birinji bendiň birinji setri:
"Ukusyz geçirsem tümli gijäni,"
Bu sözler islendik kellesi pyrablemalardan dykyn bolan adamyň aýdyp biläýjek sözleri. Şahyr beýleki adamlardan 1 dereje duýgyçylrak bolmaly. Ýokarky setriňdäki ýaly ýene käbir setirlerňe hem çuňlulyk we manylylyk ýetişmeýär. Aýtjak bolan zatlarmy düşündirip bildim diýp umyt edýän. Sebäbi bu sözlerimi hem aýak üstünde ýazyp duryn. Şonuň üçin has giňden düşündirip ýazyp bilmedim. Umuman köpiräk oka, öwren. Esasy zat maňa meňzeş ýaňralaryň tankydlarnada kän bir ünis berme. Ruhdan düşme we ýazmakda dowam et üstünlik!
-
nekrasow
3 years ago
- Sagbolun
MrOKaS 3 years ago- Awtor belki juda ýaşdyr belki däl hökman şeýle bolsa gerek aglaryn diýp oturşyndan çen tutsak. Bu goşgy meniň pikri ejizimçe okyjy köpçiligine çykarardan has gögeleräk ýaly. Elbetde bu goşgyny ak kagyza ýazyp, bukja salyp öz söýgüliňe ugratsaň begenjinden böküp düşmegem mümkin emma okyja hödürlejek bolsaň emmasy barda. Eger awtora gyzykly bolsa şol emmalarnam giňişleýin ýazardym...