«Figure AI» kompaniýasynda robot-işgärler adamlardan kän bolup çykdy
«Figure AI» atly amerikan startapynda işgär-robotlaryň sany adamlardan köp bolup çykdy. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Brett Adkok sosial tordaky sahypasynda ýazdy diýip, «Gazeta.ru» habar berdi. 2025-nji ýylda kompaniýada robotlaryň sany 100 birlikden geçen bolsa, 2026-njy ýylyň ikinji çarýegine çenli takmynan 740 robota çenli köpeldi diýip,...
Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekişdiler
2-nji iýunda Warşawada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow we Polşanyň Serhet gullugynyň başlygy Robert Bagan migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdiler.
Resminama maglumatlary we öňdebaryjy tejribeleri alyşmagy, bilelikdäki geňeşmeleri hem-de bilermenleriň duşuşyklaryny g...
Türkmenistan bilen Bütindünýä banky milli statistika ulgamyny ösdürmek boýunça ylalaşyga gol çekdiler
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti 2026–2027-nji ýyllarda ýurduň statistika ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen Bütindünýä banky topary (Halkara täzeleniş we ösüş banky – HTÖB) bilen tölegli maslahat beriş hyzmatlaryny bermek baradaky ylalaşyga gol çekdi. Gol çekişlik dabarasy 22-nji iýunda komitetiň binasynda geçirildi.
Re...
«France 24»: Yssy howa sebäpli mekdepler we kollejler ýapyldy
Fransiýanyň sebitleriniň üçden bir böleginde, ýagny 96 departamentiň 35-sinde görlüp-eşidilmedik jokrama yssy sebäpli howa howplulygynyň iň ýokary – gyzyl derejesi yglan edildi. Bu barada «France 24» teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Howpsuzlyk çäreleriniň hatarynda ýurtda mekdeplerdir kollejlerde sapaklar ýatyryldy. «Fête d...
Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu: Türkmen jemgyýetinde ýoganyň meşhurlygy yzygiderli artýar
21-nji iýunda paýtagtymyzdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynyň ýanyndaky Ýoga we däp bolan lukmançylyk merkezinde Halkara ýoga güni bellenildi. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, şol gün sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýüzlerçe tarapdary köpçülikleýin ýoga maşklaryna gatnaşdy.
Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we D...
Türkmenistanly professor-mugallymlar Pekinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşýarlar
22-nji iýunda Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkeziniň binýadynda guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullu...
BAE dünýäde bäsdeşlige ukyply ýurtlaryň bäşligine girdi
Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) «IMD World Competitiveness Yearbook 2026» ählumumy reýtinginde dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply döwletleriniň bäşligine girdi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi. Ylmy barlaglar döwletleriň işewürligiň durnukly ösüşi we uzak möhletleýin ösmegi üçin amatly gurşawy döretmek mümkinçiligine baha bermek maksady bilen geçirildi....
Türkmenistanyň wekilleri Ulan-Batorda geçirilen Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň forumyna gatnaşdy
Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi. Bu foruma Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda arheologiýa, muzeý işi ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň...
Türkmen mekdep okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda iň gowy 20 toparyň hataryna girdi
Türkmen okuwçylaryndan düzülen Oguzrobot topary Niderlandlaryň Eýndhowen şäherinde geçirilen FIRST Tech Challenge European Premier Event 2026 halkara robototehnika ýaryşynda iň gowy 20 toparyň (TOP-20) hataryna girdi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
16–20-nji iýunda Indoor-Sportcentrum Eindhov...
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralady
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Baku şäherindäki «Ýeňiş» ýadygärlikler toplumyna we azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň guburyna gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.
Ilki bilen, döwlet Başt...
Bakuwda geçirilen türkmen-azerbaýjan gepleşikleriniň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi
Bakuwda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Gol çekilen resminamalar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny öz içine alýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Bellenilişi ýaly, «Zagulba» köşgüniň...
Azerbaýjan tarapyndan Türkmenistana «Dostluk» nebit tankeri sowgat berildi
Şu gün Bakuwda geçirilen türkmen-azerbaýjan gepleşikleri tamamlanandan soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň we resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda «Zagulba» köşgüniň ýörite otagynda wideoaragatnaşyk arkaly «Dostluk» nebit tankeriniň gowşurylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Azerbaýjan...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri ikiçäk hem-de giňeldileýin düzümde gepleşikleri geçirdiler
Azerbaýjanda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Zagulba» köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, ikiçäk we giňeldilen düzümde türkmen- azerbaýjan gepleşikleri geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti hab...
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet sapary bilen bardy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy. Baku şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle-de türkmen wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar....
Eýranyň we Belgiýanyň ýygyndylarynyň DÇ-2026-daky oýny deňme-deň tamamlandy
Eýranyň we Belgiýanyň milli ýygyndylary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşyk ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Inglwud şäherinde geçirildi.
25-nji minutda eýranly hüjümçi Mehdi Taremi garşydaşynyň derwezesine gol geçirdi, emma eminiň wideokömekçi ulgamynyň (VAR) barl...
Ispaniýanyň ýygyndysy DÇ-2026-da Saud Arabystanyny ýeňdi
Ispaniýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Saud Arabystanynyň ýygyndysyny 4:0 hasabynda ýeňdi. Oýun ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäherinde geçirildi.
Gollary Lamin Yamal (10-njy minutda) hem-de Mikel Oýarsabal (21-nji we 24-nji minutlarda) geçirdi. 49-njy minut...
Ispaniýanyň ýygyndysy DÇ-2026-da Saud Arabystanyny ýeňdi
Ispaniýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Saud Arabystanynyň ýygyndysyny 4:0 hasabynda ýeňdi. Oýun ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäherinde geçirildi.
Gollary Lamin Yamal (10-njy minutda) hem-de Mikel Oýarsabal (21-nji we 24-nji minutlarda) geçirdi. 49-njy minut...
Yssy günler dowam edýär: +43 gradusa çenli yssy bolar, ýagyş ýagar
Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän maglumatda şeýle diýilýär:
Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, d...
Müsüriň ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy
Müsüriň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Täze Zelandiýanyň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirildi.
Ýeňijileriň düzüminde gollary Mostafa Ziko (58-nji minutda), Mohamed Salah (67-nji minutda) we Trezege (82-nji minutda) geçirdi...
Argentinada Messä iň belent ýadygärlik dikildi
Argentinanyň Katral-Ko şäherinde ýurduň futbol boýunça ýygyndy toparynyň oýunçysy Lionel Messä iň belent ýadygärlik oturdyldy diýip, «Sport24» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Boýy 26 metr we agramy 70 tonna bolan heýkeli argentinaly suratkeş Aldo Beroisa döretdi.