Müsüriň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Täze Zelandiýanyň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde gollary Mostafa Ziko (58-nji minutda), Mohamed Salah (67-nji minutda) we Trezege (82-nji minutda) geçirdiler. Täze Zelandiýanyň ýygyndysyndan bolsa Finn Serman 15-nji minutda gol geçirdi. Duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip Mohamed Salah ykrar edildi. Bu ýeňiş Müsüriň ýygyndysy üçin dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky ilkinji ýeňşi boldy. 2026-njy ýyldaky ýaryşa çenli müsürliler dünýä çempionatynyň final tapgyryna üç gezek (1934, 1990 we 2018-nji ýyllarda) gatnaşyp, şol döwürde 2 deňlik gazanypdylar we 5 gezek ýeňlipdiler. DÇ-2026-nyň birinji tapgyrynda Müsür Belgiýa bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnapdy. Täze Zelandiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatyna üçünji gezek gatnaşýar. Topar 1982-nji ýyldaky dünýä çempionatynda üç duşuşygyň ählisinde ýeňlip, toparçadan çykyp bilmändi. 2010-njy ýylda bolsa ähli üç oýnuny deňlik bilen tamamlapdy. Iki tapgyrdan soň G toparçasynyň ýaryş tertibinde 4 utuk bilen Müsür 1-nji orunda barýar. Ondan soň Eýran bilen Belgiýa (hersinde 2 utuk) ýerleşýär. Toparyň soňky ornuny bolsa 1 utuk bilen Täze Zelandiýa eýeleýär. Toparçalaýyn tapgyryň soňky duşuşyklarynda Müsür Eýran bilen, Belgiýa bolsa Täze Zelandiýa bilen duşuşar. Oýunlar 27-nji iýunda geçiriler.