Şu gün Bakuwda geçirilen türkmen-azerbaýjan gepleşikleri tamamlanandan soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň we resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda «Zagulba» köşgüniň ýörite otagynda wideoaragatnaşyk arkaly «Dostluk» nebit tankeriniň gowşurylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Azerbaýjan tarapyndan Türkmenistana «Dostluk» nebit tankeri sowgat berildi Dabaranyň barşynda oňa gatnaşyjylary Azerbaýjan Respublikasynyň sanly ösüş we ulag ministri R.Nabiýew «Dostluk» nebit tankeri barada maglumat bilen tanyşdyrdy. Tanyşlykdan soňra döwlet Baştutanlary öňlerinde gurnalan ýörite düwmä basmak arkaly, tankeri herekete girizdiler. Monitorda tankeriň ýüzüşe goýberilişi wideoaragatnaşyk arkaly görkezildi. Gysga wideoşekil tamamlanandan soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti tankeriň degişli şahadatnamasyny dabaraly el çarpyşmalar astynda Türkmenistanyň Prezidentine gowşurdy. Azerbaýjan tarapyndan Türkmenistana «Dostluk» nebit tankeri sowgat berildi Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, «Dostluk» nebit tankeri Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynda gurlupdyr. Onuň umumy uzynlygy 141 metre, ini 16,9 metre deň bolup, ýük göterijiligi 7 müň 875 tonna barabar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir