Eýranyň we Belgiýanyň milli ýygyndylary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşyk ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Inglwud şäherinde geçirildi. 25-nji minutda eýranly hüjümçi Mehdi Taremi garşydaşynyň derwezesine gol geçirdi, emma eminiň wideokömekçi ulgamynyň (VAR) barlagyndan soň oýundan daşardaky ýagdaý sebäpli gol hasaba alynmady. 66-njy minutdan başlap belgiýalylar azlykda oýnamaly boldular. Sebäbi goragçy Natan Ngoý gödek düzgün bozandygy üçin meýdançadan çykaryldy. Duşuşygyň iň gowy oýunçysy hökmünde Eýranyň milli ýygyndysynyň 33 ýaşly derwezeçisi Alireza Beýranwand saýlandy. Bu oýunda Eýranyň başlangyç düzümi dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň uly ýaş ortaça görkezijisine eýe bolan düzüm hökmünde hasaba alyndy. Futbolçylaryň ortaça ýaşy 32 ýaş 181 gün boldy. Mundan öňki rekord 1998-nji ýyldaky dünýä çempionatynda Germaniýanyň ýygyndysyna degişlidi. Şol wagt nemes futbolçylarynyň ortaça ýaşy 31 ýaş 335 gün bolupdy. Bu statistika 1966-njy ýyldan bäri alnyp barylýar. Iki tapgyrdan soň G toparynda Eýran bilen Belgiýanyň ýygyndylarynyň hersiniň hasabynda 2 utuk bar. Birinji tapgyrda belgiýalylar Müsür bilen 1:1, eýranlylar bolsa Täze Zelandiýa bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnapdylar. Toparçalaýyn tapgyryň soňky duşuşyklarynda Müsür bilen Eýran, şeýle hem Belgiýa bilen Täze Zelandiýa özara güýç synanyşarlar. Oýunlar 27-nji iýunda geçiriler.