Аmerikaly är-aýal biologlar Uintrop we Lýuella Kellog 1931 ýylda gazedlerde tokaýlarda we jeňňellerde haýwanlaryň arasynda ýaşan çagalar hakynda makalany okansoňlar, bir sowaly orta atdylar. Eger maýmyn öý şertlerinde terbiýelense näme bolar, adama öwrülermi?..

Ilki olar özüniň oguljygy Donaldy alyp Sumatra adasyna barmagy meýilleşdirdiler. Şol ýerden orangutanyň çagasyny tapyp ogly bilen bile terbiýelemekçidiler. Ýöne Sumatra adasyna barmaga mümkinçilik bolmady,pullary ýetmedi. Şonda, adampisint maýmynlaryň durmuşyny öwrenýän Ýel merkezindäki tanyşlary Gua lakamly şimpanze çagasyny hödürlediler. Gua şonda 7 aýlyk eken. Donald bolsa 10 aýlykdy. Är-aýal razy boldular. Şimpanze olaryň garaşýan netijesini berjegne ynanýardylar. Elbetde , adama aýlanar! Donald we Gua biri-birlerine örän tiz öwrenşdiler. Hatda, biri-birlerinden aýrylman,hemişe bile oýnaýan boldular. Geň ýeri, käbir eksperimentler wagtynda Gua Donalda görä ekabyrraklygyny (şustry) görkezip başlady. Mysal üçin, ýüpe daňyla kökäni ( печенье) taýagyň kömegi bilen almagyň hötdesinden geldi. Ýöne ellerine galam tutdurylanda,Donald üstün çykdy. Ol elindäki zadyň galamdygyny aňlap, kagyza çyzyp başlady. Gua bolsa munuň nämedigini, nähili hereket etmelidigini bilmedi. Är-aýal biologlar bu eksperimentiň şowly geçmedigine düşündiler. Dogry, Gua iki aýakda erkin hereketlenýärdi, çemçe bilen nahar iýmegi özleşdiripdi,adamlaryň dilini biraz bolsa-da düşünip başlapdy. Emma biologlar näçe hereket etselerem,Gua birje sözem aýdyp bilmedi. Donald bir ýarym ýaşa baranda, är-aýal eksperimenti togtatmaga mejbur boldular. Sebäbi, olaryň ogly hem söz baýlygyny artyrmaga howlukmaýandygny aňdylar. Bir ýarym ýaşa ýetinçä bary-ýogy üç sözi aýdyp bilýän bolupdy. Mundanam beteri,emosiýasyny edil Gua ýaly dürli üm hereketleri, geň sesler arkaly bildirýän boldy. Bu ýagdaýy görüp biologlar gorka düşdüler. Birden, eksperiment ters netije berip, Donald maýmynpisinte öwrülse näme bolar?..

Derrew Guany merkeze ugratdylar. Donaldy bolsa adaty kadalar boýunça terbiýeläp başladylar.

Olar bir zada düşündiler, haýwan hiç wagt adama öwrüljek däl eken.

Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir