SARP BOLMAK
Aýtmaly zatlaryň ýaryny aýtdym,
Galan ýary bolsa galar aýdylman.
Eý, ýyllar, karary giden göwnüme
Jaý tapylar iki dünýäň haýsyndan?
Gözümiň gabaklap ýygnan zatlaryn
Çanaklap kellämiň ýadyna guýdum.
Ýaňy ýaşlygymyň ortalan wagty
Ahyrlap ýör öýdýän bagta umydym...
...Çagadym, oýnadym, aýnadym, söýdüm..,
Ýagtylykdan wagtyň tizligi ýyndam.
Kesgitleme bolup gaýyplygyna,
Bugaryp çar ýana göterlen ýyllar
Sopbaş bir nätanşa öwürlägetdin,
Beýnimiň içinden pyşyrdaýarlar:
— Sen söýüber, söýüp gazanýan bagtyň
Akylyň çäginden daşarda galar.
Bosagadan çykyp, armanly bolsam,
Gaýyp bolan dünýä neneň gaýdaryn?!
...Görmeli günlermiň ählisin görüp,
Aýtmaly zatlaryň baryn aýdaryn.
Seýitmyrat GELDIÝEW
* * *
AGLA!
Agla!
Aglap goýber!
Agdaryp goýber
Dyňzap duran duýgularyň böwedin!
Tapyp bermese-de gözleýän zadyň,
Dolup bilmese-de ýitgiň öwezin,
Balkyldadyp durma gözde ýaşyňy,
Paýradyp goýber!
Edil häzir wagty gözýaş dökmegiň,
Aglamagyň aýny pillesi şu hal.
Şoň üçin dodagyň kemşerdip durma,
Durma dişiň gysyp,
Berçigen derdiň,
Öňki gam-gussaňa bolmasyn urna!
Agyny içiňe salma,
Içigip,
Aglaber içiň tutup.
Çäk-çäk edip, ýaka ýyrtyp, möňňürip,
Aglaber saçyň ütüp.
Silkinip-silkinip, ses edip agla,
Parhy ýok aglanyň seslimi, sessiz.
Isleseň, şumjaryp, hamsygyp agla,
Aglaber, agydan aýylsyn essiň.
Aýyp däl aglamak, haýp däl gözýaş,
Egniňdäki ýüküň ýeňleýän bolsa.
Ýöne agla, diňe agydan gaýry
Başga zat eliňden gelmeýän bolsa.
Kakamyrat ATAÝEW
.........
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Içigip, Aglaber içiň tutup.
Shunda "içiñi'' diysen gowy bolayjak yaly.
Bu oz pikirim.
-
yyldyz.
2 years ago
- bar ekeniñ-ow senem)
Salam gowmyn?
-
Sada...
2 years ago
- Aýyp däl aglamak, haýp däl gözýaş,
Egniňdäki ýüküň ýeňleýän bolsa.
Ýöne agla, diňe agydan gaýry
Başga zat eliňden gelmeýän bolsa.
Kämahal eliňden aglamakdan başga zat gelenok,güyjümiz iki gözümize yetyär biz zenanlaryň aglanyňa degmeyän yalançy dünyäde.
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Aglaber saçyň ütüp.
Munda-da: "Aglaber, aglaber saçyňy ütüp." — bolsa kem dal yaly.
Bu hem oz pikirim.
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Sapa Hommadowich, sen hakykatdanam duygularyn "yogalypdyr". "Gaty gorer" ya-da "men barada negative pikir etmegi mumkin" — diyip pikir edenok...
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Gowymy Pegas. Ruhupeslik, göwniçökginlik ýadatmadymy? Iñ bolmanda ynsanlygymyzyñ hatyrasyna Nirwanañ salamyny a:la.
Bu şol gelneje.
Hak aydyan gelneje. Yokarky teswirime dine pegas dushunaymese...
-
Pegas
2 years ago
- @Nirvana, salam. Sag bol.
-
Pegas
2 years ago
- @yyldyz., salam. Boljak, özüň niçik?
-
Pegas
2 years ago
- @Payhasly, gelneje. Ýadatsa, näme edeýin?!
-
Pegas
2 years ago
- @Ahmedik_97, "Hikmetleri bardyr, han aga" diýýär eserde...
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Ol hikmetleri bize ayan edaysen?!
-
Pegas
2 years ago
- @Ahmedik_97, лично.
-
Pegas
2 years ago
- @Payhasly, haýsy gelnejäň?
-
Pegas
2 years ago
- @Payhasly, tanamadym. Ýöne kimem bolsaň, gepi sakgyç ýaly süýndürýänlerden ekeniň. Halamaýan tiplerimden.
-
Ahmedik_97
2 years ago
- ...856 — shuna-damy?!
-
Pegas
2 years ago
- @Ahmedik_97, şoňa-da.
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Pegas, bolyar. Dushnukli. Sagbol, saglygyn.
Nirvana 2 years ago- Salam, hoş geldiň! :)