Başlarda seniň bilen aramyz nähili gowudy. Birzatlar öwrenmän geçirýän ýekeje sekundymam ýokdy. Güýjümiň iňsoňky damjasyna çenli haýdap öwrenip-öwrenip ýadap ýatyp galýadym. Indi seredip otursam iň süýji günlerimem şol günler eken. O wagtlar gaty günäsizje ekenim. O wagtlar ölümiň, öldürmegiň nämediginem bilemok ekenim.
Belli bir wagtdan soň öwrenmekden öňküsi ýaly lezzet alman başladym. Indi seň bilen diňe öwrenip ýörmek gyzykly gelmän başlapdy. Belkem soňa-baka öwrenmeli zatlarymy ýalňyş saýlap başlandyryn, bilemok. Daş töwerekde maňa erbet görelde boljagam, bolanam az däldi. Garaz boýun alyp başlamazdan ozal bu jenaýatyň ýükini paýlaşmasam bolanok. Bu ýük ýeke çekerden agyr. Elbetde töweregimdäki adamlaryň aglaba bölegi meni bu jenaýata höweslendirdiler. Hemmesiniň günäsinem almaýyn, aralarynda gowy maslahat berenlerem boldy. Aslynda-ha diline seretseň köp kişi gowy maslahat berdi, ýöne olaryň hereketleri edil tersine gygyrýan ýalydy. Ýöne ahyrynda esasy işi hut özüm edenligimi boýnuma alýan. Herkimiň öz erki, öz akyly, öz duýgulary bar ahyry. Bulara eýe çykjak bolsaň olary ulanyp eden işiňe-de eýe çykmaly bolýar. Ýogsa erksiz, akylsyz, duýgusyz bolmaly bolaryn, belkem çyndanam şeýledirin.
Hawa, belli bir wagtdan soň öwrenmekden lezzet alman başladym. Edil şol wagt seni öldürmäne başlan wagtymdy. Seni bir demde öldürmäne gaýratym çatmady. Bu köp kişiň gaýratynyň çatjak zadam däldi asyl. Şoň üçinem sekuntma-sekunt, minutma-minut, her sagat, her gün azajykdan öldürmegi saýladym. Herkimiň maslahat bereni hem şeýledi. Dogrusy ilkibada juda lezzetli geldi. Öldürip doýar ýaly däldi. Ýöne belli bir wagtdan soň birzatlaryň nädogrydygny syzyp başladym. Keýpem alsam alýadym welin, sütemi has agyrdy. Menden başga-da seň bilen şeýle zamun çemeleşýänler barmyka diýip göz aýlap başladym. Edýän işime şärik tapsam günäm ýeňläýjek ýaly pikir edendirindä. Tapdym, meňki ýaly hereket edýän köp adam tapdym. Ýöne hiçisi şärik diýer ýaly däldi. Nämedendigini bilemok welin, olara şärik diýesim gelenok, olar özleriniňkä kast edýäler, menem özümiňkä.

Eziz wagtym, eziz ömrüm, men seni öldürdim. Haýaljakdan, sekuntma-sekunt, minutma-minut öldürdim. Senden näçe ötünç sorasam az. Ýöne ötünç soramak ýüzsüzlik ýaly gelýär. Sebäbi mundan soň ýene öldürmejegime güwa geçip bilemok. Seredip otursam seni öldüren her sekundym senem meni ölüme ýakynlaşdyrýan ekeniň. Diriligim seni öldürdigimçe azalýan eken.
Seni öldürmekden lezzet alýanlar muňa ýaşamak diýdiler. Heý öldüribem bir ýaşamak bolarmy. Eger öldürmek ýaşamak bolsa, belkem ýaşatmak üçin ölmelidir adam.
Mundan soňky ädimlerimi gaty seresaply ätjekdigime söz berýän. Belki öldüren ýyllarymy direltmegiň ugryny taparyn. Iň bolmanda indiki geljek ýyllary öldürmejek bolaryn. Her sekundyňdan, her minudyňdan ötünç soraýaryn.
Bagyşla.

Galamkeş.

Bilim, Nirvana tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir