GALPYÑ GAZANY GAÝNAMAZ "Ynam ömür ýalydyr, ol ynsana bir gezek berilýär" diýip, gadymy pähimdarlaryñ aýdyshy ýaly, bu owadan dünýäde ýashan ömrüñde özüñe bildirilýän ynamy ödemek parz. Çünki, ynamy ödemek köñüller içinde gurlan mertebäniñ, hormatyñ, sarpanyñ bosagasyndan ätlemek, abraý gazanmak. Ýöne, aramyzda ýeñil eklenç gözläp, çar tarapa hars urup, il-gününi, goñshy-golamyny, dost-ýaryny, dogan-garyndashyny çürkäp, abraýdan gaçýan kezzaplaryñ bardygy bizi örän gynandyrýar. Ozal hem kezzapçylyk edip, jenaýat jogapkärçiligine çekilen, 1982-nji ýylda Türkmenabat shäherinde doglan Suhrab Abdullaýew welin halal zähmet çekip, gazanç edeninden kezzapçylyk edip, göz-görtele ýalan gepläp, ogurlyk edip, baýanyny kem görmedi. S. Abdullaýew dashary ýurt firmasyna ishe ýerleshdirmegi wada berip, aldaw ýoly bilen obadashlarynyñ ynamyndan peýdalanyp, olardan ep-esli möçberde pul alýar. Ol sürüri wezipesine ishe ýerleshdirmegi wada berip, obadashlary A. Jumadurdyýewiñ, M. Hasanowyñ, S. Pimepesowyñ hersinden 550 amerikan dollaryny, H. Permanowa bilen A. Bazarowadan tam süpüriji wezipesine ishe ýerleshdirmäge wada berip, 400 amerikan dollaryny, Sh, Ýakubowadan we N. Ýakubowadan kätip wezipesine ishe ýerleshdirmäge wada berip, jemi 700 amerikan dollaryny, J. Ismailowadan tam süpüriji wezipesine wada berip, onuñ 400 amerikan dollaryny aldaw ýoly bilen alýar we olara ep-esli derejede maddy zyýan ýetirip, kezzaplyga ýüz urýar. Shonda-da ony obadashlaryny çürkäp alan puly kanagatlandyrmaýar. Onuñ ho-ol allowaralardan albaý bulaýan gara nebsi S. Abdullaýewi indiki jenaýata iterýär. Bu gezek ol B. Wafaýewe dushýar. Hernäçe hilegärlik etse-de, B. Wafaýew onuñ gazan çukuryna düshmeýär. Ahyrymda-da, S. Abdullaýew ondan 800 manat karz berse, soñra onuñ shol puluny 900 manat edip gaýtaryp berjekdigini we ishe ýerleshmäge kömek etjekdigini wada berýär. Aý aýlanyp, ýyl dolanýar. S. Abdullaýewiñ hilesine aldananlar oña beren pullaryny yzyna almagyñ aladasyny edip, uly gaýga galýarlar. Ahyrynda onuñ algydarlarynyñ dadyna hukuk goraýjy ishgärler ýetishmeli boldy. Onda-munda ygyp, gaçyp ýören S. Abdullaýew bolsa, yzyndan ýetilmez öýdýärdi. "Ýakma-bishersiñ, gazma-düshersiñ" diýlishi ýaly, S. Abdullaýdw hem eden etmishleriniñ oduna ýanmaly boldy. Sheýlelikde, Türkmenabat shäher kazyýetiniñ shu ýylyñ 23-nji iýunyndaky çykaran hökümi esasynda S. Abdullaýew Türkmenistanyñ Jenaýat kodeksiniñ 228-nji maddasynyñ 2-nji böleginde görkezilen jenaýatlary etmekde günäli bilnip, 8 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Bu berlen jeza ony ymykly aklyna aýlasa gerek. Shöhrat Mämmetgurbanow, Lebap welaýatynyñ Türkmenabat shäher kazyýetiniñ kazysy. "Adalat" gazeti. Nomer 37 (710) 2010-njy ýylyñ 10-njy sentýabry, anna.
Ýeñil baýap, näme gazandylar?! (real durmushdan parça) 2
-
moonguse
14 years ago
- hmm bah.
-
zoluska
14 years ago
- yagsylar b/n ysnysykly gatnasykda bolmak 3 bahbide eyedir:ol omrun uzalmagyna,payhasyn yitilesmegine we gownun her tuysli erbetliklerden arassalanmagyna komek edyar.so sebaplem yamandan basyny satyn alyp dine yagsy ynsanlar bilen gatnasykda bolmaly.
-
bella
14 years ago
- zoluska sen gaty tanyshlay, birine ha menzedyan seni
-
zoluska
14 years ago
- salam bella!bagysla yone men sebi tanammok.
-
Prinsessa
14 years ago
- salam hemmelere!
-
zoluska
14 years ago
- prinsessa sanada salam!
-
Multyk
12 years ago
- :)
-
Bahbit
12 years ago
- ?
-
lukmantm
12 years ago
- 1 sutkan 22 sagadyny ishlayin, kone eshiklemde gezeyin, coregi suwa basyp ìýeyin yone shular yaly haramlyga yanashdyrmaweri Allajan
huday saklasyn towa towa
-
Ayyuzli
12 years ago
- S. Abdyllayew onarmandyr. Azdyrmawersin hic kimi.
Meselaning, beyleki bir tarapy hem, hakykatdan-da, ishe girjek bolsan arka-tanysh ya jubi gerek. Tam supuriji boljak bolsan hem 1000$ birki yyl mundan ozal-a. Okuwy gutaryp mekdepde mugallym boljak bolsang hem 1000$. Halk pahyram name eytjek beytjek gununi gorjek (ishe girjek bolan pidalar hakda diyyandirin). Sheylelikde, bu yagdaydan peydalanyanlar hem bolyar. S.abdyllayewyng ustunden dushulayipdir. Il icinde bolsa munglap "s.abdyllayewler" bar. Ilki bilen, para meselesini yok etmeli duybunden... (u-t-o-p-i-y-a)
-
lukmantm
12 years ago
- Aý bula hemme yerlerdede bar zat
bu dunyanin gurlushy sheýle
-
eminemshock
12 years ago
- Dogry seyle durmusy adamlar ozleri yasaya bu bir synag dunyasi o dunyede name gorerkaler olar bu dunya baky gelediris oydya
-
AHAL
12 years ago
- yenil bayan baylygyn gadryny bilmez. Azar giderr.
Goool 14 years ago- her yerde sholar yaly haramzada adamlar (adamam diyesim gelenok sholar yalylara) barlay. HUDAY SAKLASYN sholar yalylardan! Ay olar duzelmezlay, 'egrini gabyr duzeder'