Beragat gijesi Şu ýyl Beragat gijesi Ruhnama aýynyň 27-sinden 28-ine geçilýän gijä düşýär. Külli musulmanlary Beragat gijesi bilen mübärekleýäris! Beragat gijesi Meret aýynyň 15-nji gijesidir. Beregat, “Iki zadyň arasynda gatnaşyk bolmazlygy, kişiniň jogapkärçilikden halas edilmegi ýa-da jogapkärçiliginiň bolmazlygyny” aňladýar. Başgaça aýdylanda, “Beragat” ýalkanmak, günä geçişlik gijesidir. Bu gijäniň Beragat adyndan başga ýene-de käbir atlary bar. Ruhy taýdan bereketli, sogaply, mukaddes gije bolany üçin oňa “Mübärek gije”, gadyry bilnen ýagdaýynda günäleriniň ýalkanmagy, etmişleriniň geçilmegi barada Allahutagala tarapyn mümkinçilik berlenligi üçin “Sakk” (“Perman”, “Halas ediş namasy”) gijesi ýa-da “Magfyrat gijesi”, lutuf-yhsany artyk, afuw-merhemeti çäksiz bolan Allahyň keremine ýetilýänligi üçin “Rahmet gijesi” hem diýilýär. Hezreti Aly (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiziň bu gije barada şeýle diýenini gürrüň berýär. “Şaban aýynyň on bäşinji gijesi bolanda namaz okaň, gündizine-de oraza tutyň. Çünki Allahutagala şol gün şeýle diýer: “Toba eden barmy, ýalkaýyn, istigfar edeni magfyrat edeýin. Menden bolelin ryzk dileýäne ryzk bereýin, bela-betere uçrana afyýet bereýin” (Ibni Maje). Hezreti Äşe enemiz bolsa şeýle gürrüň berýär: “Bir gije seretsem, Resulullah ellerini asmana galdyryp doga-dileg edýär. Meni görende şeýle diýdi: “Eý Äşe, Allahutagala Şaban aýynyň on bäşinji gijesi rahmeti bilen tejelli eder we Kelp taýpasynyň goýunlarynyň gyllarynyň sanyndan has artyk kişini ýalkar.” Başga bir hadysda bolsa, Beragat gijesinde edilen doga-dilegleriň yzyna gaýtarylmajakdygy buşlanýar.

Köneler, NB tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir