Ymgyr collerde tebsiran, sahajyklaryny ylla diyersin Allahdan rehmet sorayan yaly, asmanda hellewlesip oturan col osumliklere yagsy iberyan, sol osumliklerin dileglerini kabul edyan beyik Gudrat, adam atly bendesinin dilegini esitmezmi? Gijeler asman gara purenjegine burenende, kabir adamlaryn ruhy sykylyp, ozlerini yalnyz duymagy mumkin. Emma in garanky yerlerde, hic kimin yok yerinde hem Allatagala mydama bizin bilen biledir. Nirede bolanynda-da yalnyz adamlar suny bellesinler: Allah oz bendesini hic hacan kyn gunde goyyan daldir. Ynjan yureklerin hasratyny bilyan, caresiz dertlere derman iberyan, ruhlarymyza sussupeslik aralasanda, bizin ruhumyzy galkyndyryan dine beyik Allahdyr. Ona baryan adam acyljak gapa baran yalydyr. Ona yalbaryan bende myradyna hokman yeter. Allaha ynanylsa, bizin yolumyz yagtalar we biz her bir zady ayyl-sayyl dolulygyna gorup bileris. Allaha cyn yurekden ynanyan adam beyleki ahli esretlerden ellibizar gecip, dine onun yoluna garar. Allaha cyn yurekden ynanyan adam haysy yol kotelligini ya-da daldigini ansatlyk bilen biler. Sebabi onun ynanyan Gudraty garynjanyn hem idegini edyan Gudrat ony hic hacan yalnys yola itermez. ZAMAN 'Dileginiz bolmasa, mame ahmiyetiniz bar?'

Köneler, fatima tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir