Eýran ýadro taslamasynyň ýolbaşçysy diýip atlandyrylýan alym Mohsen Fahrizoda Ysraýyl ýörüte hyzmaty "Mossad" agentleri tarapyndan öldürildi. Olar kast edilşigi ýörüte ýasalan robotyň kömegi bilen amala aşyrdylar. Bu hakda The New York Times neşiri Amerika, Israýyl Eýran resmileri hem-de operasiýa jikm-jiklikleri (подробность) bilen tanyş bolan razwetka işgärlerine esaslanyp habar berýär.

Maglumatlara görä, 2007 ýyldan bäri "Mossad" Fahrizoda bilen ýadro ýaragyny işläp çykarmak boýunça taslamada işlän alty sany eýranly alymy öldürýär.Agentler 2009 ýylda Fahrizadanyň özüni ýok etmäge synanşýarlar,ýöne razwetka operasiýa "bozulan" diýip güman edip,ony soňky pursatda ýatyrýarlar.

Täze operasiýa taýýarlyk 2019 ýyl aýagy we 2020 ýyl başynda Ysraýyl resmileri ABŞnyň ýokary mertebeli emeldarlaryň arasynda bolup geçen duşuşykdan soň başlanýar. Olarda Yossi Koyen (şol wagtda "Mossad" direktory), ABŞnyň öňki prezidenti we döwlet kätibi Donald Tramp we Mayk Pompeo hemde Merkezi razwedka uprawleniýesiniň öňki direktory Gina Xaspel gatnaşýar. Tramp 2018 ýyl baharynda ABŞ ýadro ylalaşygyndan çykýandygyny yglan edenden soň Ysraýyl oňa gaýtmagy karar etdi.

Faxrizoda 2020 ýyl noyabr aýynyň ahyrynda Eýranyň demirgazygyndaky Mazandaran welaýatynda öldürilýär.Onuň oturan maşyny uzakdan dolandyrylýan uly kalibrly ýaraglardan oka tutulýar.

Neşiriň aýtmagna görä, "Mossad" agentleri öň robotlaşdyrylan enjama birikdirilen Belgiýada işläp çykarylan awtomatdan peýdalanýarlar. Bütün strukturanyň agyrlygy bir tonna golaýdy,şonuň üçin ony böleklere bölüp Eýrana getirip,şol ýerde gurnaýarlar. Robot Eýranyň meşhur Zamýad pikabynyň arka bölegine sygar ýaly edilip döredilýär.Ýük ulagynda dürli ugurlarda kameralar oturdylan,ulaga partlaýjy maddalar salynan.

Operasiya güni pikap Faxrizodanyň geçjek ýerinde garaşyp durýar.Onuň ulagyna 15 ok atylýar,olaryň bir bölegi alyma degýär. Eýran neşiriniň habar bermegne görä,üç ok onuň oňurga bolegine degýär we oňurgany ýazdyrýar. Alym öldürilenden soň,pikap uzak aralykda durup partladylýar,emma Ysraýyl agentleriniň umyt edişi ýaly,ýaragy bütünleý ýok etmegiň alajy bolmady.

Eýranyň Goranmak ministri Fahrizodany bölümiň barlag we innowasiýalar boýunça guramaň başlygy diýip atlandyrdy. Şonuň bilen bile,köpçülikleýin habar beriş serişdeleri alymy "Eýran bombasynyň atasy" diýip atlandyran we ABŞ maliýa ministrliginiň maglumatlaryna görä,ol ýodro ýaragyny işläp çykarýan barlag firmasyny dolandyran.2018 ýylda Ysraýyl hökümedi Fahrizodany Tehranyň bütin ýodro taslamasynyň ýolbaşçysy diýip atlandyrdy.





Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir