Kollejde okayan döwrümdi. Mekdebiñ uchurum döwründe yitiren birinji söygümi unudyp bilemokdym. Gyzlaryñ yüregini awlamany basharyardym welin, mende gyza bolan söygi duygusy yüregimden kök-damary bilen goparylyp tashlanan yalydy. Näme üchindir Huday maña yene bir gezek kimidir söymek üchin mümkinchilik bermeyän yalydy. Ine shu günleriñ birinde Estetika sapagyndan giryän mugallyma bilen yakyndan tanyshyp gürleship bashladyk. Bash-bashda shonuñ sapagyny sabyrsyzlyk bilen garashyardym. Sapak dowamynda bir-birimiz bilen gürleshyärdik. Kursdashlarym geñ äheñde: näme tanyshyñmy? -diyip sorayardylar. Men özümche bagytlydym. Biri-birimize tel. edip, sms yazyshyp bashladyk. Hatda abetde bile (taryhdan giryän jorasam bardy) naharlanyardyk. Gözüme bashga gyzlar görünmez, meniñ üchin kollejimizde iñ owadan, iñ akylly gyz shudy. Bara-bara bir-birimizi görmesek durup bilmän ya ol, ya-da men dushushmany teklip edyärdik. Hatda bir gezek öyüne-de chagyrdy (ejesi bilen tanyshdyrmak üchin), men hakda ejesine: bir türkmen oglan bar, okuwchym. Gylyk-häsiyeti gowy... Garaz meni ejesine magtapdyr. Biz hakda bütin kollej, hat-da direktorymyzam bilyärdi. Kuratorym (men üchin ikinji ene yaly bolan mugallym) ol gyzy göreninde: meniñ iñ uly, iñ akyllyja gelnim diyyärdi. Men sebäpli bular aralary yakynlashyp, tiz-tizden ishleri üstünde gepleshyärdilerem. Ine sheydip wagtam ötdi. Okuwymyñ soñky yyly, ele diplom alynyan wagtydy. Günleriñ birinde ol maña begenip: durmusha chykjagyny aytdy. Ay, indi bu ayallay, äri bar diyip meni yatdan chykarma- diyip degishdi. Men yalyn bilen suwuñ arasynda galan yalydym. Ony gabanyadym, sebäbini bilemok. Anygyny aydanda ol menden 8 yash uludy. Biz dost däldik, söyüshenlerem däldik (aramyzda hich zat bolmady. Ynanmarsyñyz, 3 yyl yörüp elinden tutup görmedim. "Musulman zenany elini bigäne erkege tutdurmaz" diyyärdi) Men ony söydüm, yöne nichik söygüdigine özümem düshünmän galdym. Ony yanyoldashym hökmünde görmeyärim (arzuwym Mährijemal) dost hökmündede... Olam dost ya söygülim diymeyärdi. Söygi däl, dostluk däl, onda bu yüregi rehimsiz gynayan duygy nämekä???

Köneler, hallboy tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir