Başda men size öňki talyplar.com-a näme bolanyny gysgaça aýdyp bereyin. Mundan bir on gün öň talyplar.com-uň durýan serverine (RuzgarHost atly bir eleme-deşik ýer) biri rootlapdyr. Nädip rootlanyny Hudaý bilýär, biziň çaklamagymyza görä ursaň duýmaýan (bagyşlaň halk dili bilen: pohuist) adminiň kompýuterine sniffer goýlupdyr. Soň bolsa script kiddie dünýäň iň lame zady -serverdäki bar web saýtlary we db-leri pozupdyr. talyplalr.com-uň öňki agzalary we agzalaryň ýazan postlarynyň ätiýaçlyk üçin alynan db-de iň soňky ýagdaýy bar. Ýazan postlarym uçandyr diýip gynanmaň. Olary täze sistema blog şeklinde geçireris ýöne şu wagt infrastruktura doly taýýar däl. Ýagdaý şeýleräk. talyplar.com-uň gelejegi barada kelam-agyz gürlemeli bolsa indi forum sistemalary modadan gaçdy Web 2.0-dan soňra bloglamak moda. Bu bloglama sistemasyny özümiz kodladyk we gelejekde agzalaryň ýazanlaryndan agzalar pul gazanar ýaly etmekçi. Ýöne gynansak hem edil häzir Türkmenistanyň internet ýagdaýy öwerlik bolmansol halkara reklama berýän guramalar tarapyndan Türkmenistan we Türkmençe saýtlar tanalanok. Şol sebäpli talyplar.com-a gazanç etdirjek käbir pikirleriň üstünde işleýäris. Siziň hem pikirleriňiz bolsa paýlaşmagyňyzy haýyşt edýäris. Elbetde ýazgydan gazanç etdirmek üçin saýtyň agzalary entek gowy blog ýazmaga öwrenişýänçä biraz wagt gerek bolar. Şoňa çenli ýazylanlar kontrolsyz sistema goýular, ýöne raklamadan gazanylýan we gazançlary ýazýan agzalara paýlanylýan sistema geçsek ýazylanlar adalat üçin belli bir kontroldan geçirilip goýulmaly bolar. Kontrol diýenim syýasy ýa-da wawaly temalary ýazmak bolanok diýmek däl. Öz pikirleriňizi medeni dilde hemişe arkaýyn ýazmagyzyň men öz adymdan tarapdary. Ýöne talyplar.com diňe meniňki däl talyplaryň sesine hem seretmeli bolar. Şu ýokardaky ýazanlarym bilen \"gapjyk\" diýilýän zadyň gelejekde näme ýarajagyny suratlandyryp bilersiňiz diýip pikir edýän. Gazançy sistema geçmezden öň bolsa gapjygy simwoliki ýagdaýda ulanmaly bolarys. Agzalaryň abraýyna görä gapjygyny galyňrak ederis. :) Köpräk ýazyp kelläňizi agyrdan bolsam bagyşlaň. Şu ýere çenli ýaltanman okanlara aýratyn sagbolsun aýdýaryn.
Täze sistema nähili işleýär we talyplar.com-uň gelejegi
-
diwana
17 years ago
- gaty dogry aydyang. men elmydama shol hakda shubham bardy. sholar okap bilyamika diyip. gowy edyaniz, olary hickim gormeli dal. adminlerin ahlaky tarapyndan shube edemok,yone gapyny doly yapsak gowy bolar. yazyanam has rahat yazar.
-
Shazada
17 years ago
- eyyy way o namucin men gapjygym sizde..
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Salam Farabi! "gapçyk" bilen "bukçanyñ" aýdylanyna 1 ýyldanam köpüräk wagt bolupdyr. Ýöne olar häzirem ishlänok.:( hiç bolmanda "bukça" ishlese gowy bolardy. Agzalar öz aralarynda hat alyshar ýaly.
-
bond
15 years ago
- gowy pikir amala ashyryp bolsa moskwada birbada gurulmandyr assa yuwash basybermeli sheydip.
-
Cwetocek
14 years ago
- Bukja entagem tayyar dallay:-)
-
1merdan
12 years ago
- hmm behh "dogryyyy"
-
Yzganttm
12 years ago
- Salam farabi siz bilen nadip habarla$yp bolar? Men e-mail.da yzganttm@mail.ru
-
metehangokdepe
12 years ago
- farabi pikirde$ ekeniñ $u meseläni çaltyrak dûzedilse kemä bolmazdy
Farabi 17 years ago- \"bukjam\" hakynda hiçç zat aýtmandyrys.
bukjam bölümi agzalaryň öz aralarynda hatlaşmagy üçin.
Men öz adymdan gürlesem bukjamda ýazylanlaryň iň ýokary derejesi bolan admin tarapyndan hem görüp bolmaz ýaly edimegini isleýärin. şu meseläni bilýänsiňiz, beýleki forum ýa-da şeýleräk saýtlarda adminler \"private message\" diýilýän zady okap bilýärler. \"private\" diýilýän zat adamyň özüne degişli, ony diňe degişli adamlar okamaly. elbetde bu meseläň ahlaky tarapy, adminleriň başgasynyň özara ýazgylaryny okamajagyna hem ynamym bar ýöne eşegi berk baglamak üçin edil häzir bukjama encrypt/decrypt edip hatlaşyp bolýan sistema gözläp otyryn...