1. Aldawçylyk we görüpçilik diýen iki bela adamynyň hemme eden ýagşylyklaryny gemrip ýok eder. Misli oduň odunlary ýakyp ýok edişi ýaly. 2.şumanlyk şirkdir. ýagny itiň uwlamagy, baýguşyň gygyrmagy sebäpli bela geler diýip gaýgy gam çekmek dinden çykmakdyr. 3. Uly günäler istygraf (çyn toba) bilen aýrylar, kiçi günäler yzygiderli edilse uly günä öwrüler. 4.baýlaryn mallaryndan tamakin bolup, özüni kemsindirýän pakyra allatagala lagnat eder. şeýle iş edýän adam dininiň üçden iki bölegini weýran eder. 5.Iki adam sögüşse, ýagny biri beýlekä sögse ol hem gaýtargy bermese, hemme günä ilki sögene bolar. 6.Adam sag salamat wagtynda bir teňňe sadaka berse, ölüm ýassygyndaky beren ýüz teňňesinden sogaplydyr. 7. Baýlaryň mallaryndan berýän zekatlary pakyrlara ýeterlik bolmajak bolsady, onda Allatagala zekatdan başga hem pakyrlary doýurmak üçin höküm çykarardy. baýlar zekadyny dogry berende pakyrlara ýeterlikdir. Eger bir aç-ýalaňaç pakyr bar bolsa, baýlaryň zalymlygyndan zekady ýerine bermeýänligindendir. dowamy bar...

Köneler, Mumin tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir