Eşeklimi, düýelimi, atlymy,
Pişeklimi, pişeksizmi, pyýada...
Hemmesin bir demde bilmersiň aýdyp,
Günüň deň ýarysy geçip-geçmänkä,
Bazara gidenler gelerdi gaýdyp.

Boýunlary sapak ýaly bezzatlar,
Olaryň öňünde tutuş bir goşun.
Sesýetim meýdandan durup nyzama,
Taýýarlyk görerler almaga daşyn.

-Kakam gelýär- diýip gygyrýar biri,
Biz oňa sargadyk künjüli halwa.
Ejeme täzeje çit köýnek bilen,
Jigim ikimize bir gyzyl alma.

-Agam gelýär-diýip gygyrýar biri,
Men oňa sargapdym owadan çeňňek.
Eger-de şol çeňňek getirlen bolsa,
Shu ýerden gönüläp Şaýaba eňjek.

Menem noker bu goşunyň içinde,
Hiç kimseden gaýra durman, elbetde,
Gygyrardym:"Gelýärler-ä, gelýärler...",
Emma welin gygyrardym bir çetde.
Halyl Kulyýew

5nji synpda mugallym:" Ýatlamak hökman däl. Labyzly okap berseňiz boldy" diýse-de , ýatlapdym shu goşguny. Häzirem iň gowy görýän goşgym.

Edebiýat, Manikarnika tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir