Ölen söýgiň agysyny aglardym,
Aglamaga tapylsady bahana.
Ýüregime dözüp, oda daglardym,
Aglamaga tapylsady bahana.

Ahmyr ýaşy gursagyma siňip dur,
Ne-hä köşeşýär ol, ne-de diňip dur...
Bokurdakda bir uly daş doňup dur,
Aglamaga tapylsady bahana...

Sende diňe hasrat barmy, eý dünýe?!
Mundanam bir ömür bormy, eý dünýe?!
Gözýaşymy seçelärdim täleýme,
Aglamaga tapylsady bahana.

Gijäm ömre çekdi, günüm agarman,
Ömür ömre meňzemedi (dag arman!),
Edil häzir şundan başga ýok arman:
Aglamaga tapylsady bahana.

Hany adalaty goja pelegiň?
Zulmun çeker ýaly zor däl bilegim...
Edil şu pursatda ýalňyz dilegim:
Aglamaga tapylsady bahana...


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir