Käsedäki çaýyň sowap gidipdir,
Sen çeýneýäň gara çaýyň şemmesin.
Hoşlaşdym-da turup gaýtdym ýanyňdan,
Men ýene-de aýdyp bilmän hemmesin.

Hem şol gije ýene ýatyp bilmedim,
Bir ahwalat ýüregimi çawrady.
Güllüje sandygma arkamy diräp,
Öz goşgymy özüm okap agladym.

* * *

Aglasam, agym ýetmejek
Derdim bar, aglama diýme!
Em edäý, ömür bitmejek
Ýaram bar, aglama diýme!

Ýüregimiň yşyk tary,
Haýal-ýagal mydar bary,
Sessiz çekip çydar ýaly
Merdiň ýok, aglama diýme!

Kalby päk, göwni çagajyk,
Aglamak maňa nämejik!
Şu gün ses edip aglajak,
Şertim täk, aglama diýme!


Ogulnur Ataýewa

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir