Gije birdenkä gözüňizi açdyňyz, biraz derläpsiňiz biraz hem nämedir bir zatdan gorkupsyňyz. Gapdalyňyzda duran telefonuňyzyň sagadyna seretdiňiz sagat gije 03:00. Siz näme üçin gijäniň bu sagadynda oýandyňyz? Oýanmagyňyza näme sebäp bolduka? Geliň muny öwreneliň!

Gije 03:00-da oýanmak bilen baglanyşykly ilat arasynda: Gijäniň şol wagty “jynlar” herekete geçip aýlanmaga başlaýan wagty hasaplanylýar. Adamlaryň şol sagatda oýanmagyna sebäp bolýan zat hem “jynlaryň” göze görünmeýän emma diňe aňymyza belli bolýan hereketleri sebäp bolýar, diýen pikir öňe sürülýär. Ýöne bu beýle däl! 
Geliň bu soragyň ylmy jogaplaryna seredeliň!

Gije sagat 03:00-da oýanmagyňyzyň sebäbi: Şol wagt çuňňur ukudan, adaty uka geçýärsiňiz!



Alymlaryň geçiren ylmy işlerine görä, “Adam ortaça her gije takmynan alty gezek oýanýar” – diýýär. Bu oýanmalar şeýle bir gysga welin, hatda ýadymyzda saklap hem ýetişemizok. Şeýle-de bolsa, çuňňur uky prosesi gutarandan soň (uklanymyzdan 4-4:30 sagat soň) oýananyňyzda, ýene uklamak kyn bolup biler.

Mysal üçin, 22:30-23.00 töwereginde uklasaňyz, gije sagat 03:00-da çuňňur ukyňyzy gutararsyňyz we ýeňil uky prosesine girersiňiz. Beýniňiz bu işde has işjeň bolansoň, oýananyňyzdan soň uklamagyňyz kyn bolup biler.

Gije sagat 03:00-da oýanmagyňyzyň sebäbi: gowy ukuňyzy alýarsyňyz!



Alymlar “Ukusyzlygyň esasy sebäplerinden biri düşekde köp wagt geçirmek” diýýär. Mysal üçin, bedeniňize 6 sagat uky gerek bolsa, agşam 21:30-da ýatsaňyz we 6 sagat soň (ýagny gije sagat 3-de) oýananyňyzda munuň ýeke-täk sebäbi gowy ukyňyzyň alynmagydyr.

Gije sagat 03:00-da oýanmagyňyzyň sebäbi: garransyňyz!



Belli bir wagta çenli beýle kynçylyk çekmedik bolsaňyz we indi orta ýaşly bolsaňyz, bizde erbet habar bar: Siz garrap barýaňyz! Gijäniň şol wagty oýanmagyňyzyň sebäbi menopauza ýa-da andropoz. Gije köp derleýärsiň we oýanýarsyň. Sebäbi bedeniň temperaturasyna gözegçilik edýän gipotalamus sebiti, garrap barýanlygyňyz sebäpli estrogen derejesiniň üýtgäp durmagy bilen näme etmelidigini bilenok.

By:@Agashka

Täzelikler, Söhbet Abdullaýew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir