Adam iýýän, aklyndan azaşan adamlara duşup gördüňizmi!? Duşup görmedik bolsaňyz, men size öz başymdan geçen şeýle wakany gürrün bereýin!!!
Bir gün garaňky gijede işden çykyp öýe gelýärdim. Şemal öwüsýärdi. Baglaryň ýapraklaryny şemal süpürip aýyrdy-da baglaryň iki-üç sanagyny hem alaga-da kökünden soguryp taşlady. Menem zordan ýöräp gelýärdim. Yzymda kimdir biri ýöräp gelýärdi. Şemaldan ýaňa yzyňa seredip bolýarmy näme!? Aýak ses gitdigiçe golaýlap gelýärdi. Kynlyk bilen yzyma öwrülip fonarigim bilen ýüzüne ýagty tutup seredenimde ol eýmenç gözleri ýanyp, ak tenli horajyk sypatly adamdy... Ol özüniň yzymdan gelýänini aňşyranym üçin meni kowalamaga başlady. Menem aýak-aldygyna gaçýaryn. Onuň bu bolşuny görüp men onuň adam iýýän ludaýetdigini çak etdim. Çakym dogry bolubam çykdy. Ol meniň deňämden gelýän kimdir birine topuldy we ony ýere ýatyryp parçalap iýmäge başlady. Awa düşen görgüliniň sesi gulagymdan integem gidenok. Men bolsam yzyma seretmän gaçyp ahyry köçedäki taksilaryň birine mündüm...
Öýüm golaýda bolsa-da taksida gidenimi kem görmedim... Şeýdip ýaňky adamhor wagşydan zordan gaçyp halas boldum...
Ertesi gündiz, şol köçeden gorka-gorka geçip gidenimde, polisiýa işgärleridir, detektiwler üýşüpdiler. Ol ýerde düýnki meni kowalan adamhoryň daňylgy ýatandygyny gördüm. Töweregindäkilere it ýaly agzyny şatyladyp bir açyp-ýapýardy welin ony aýdyp düşündirer ýaly däldi...



@Jeksparro

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir