Uzak wagtdan soñ şu gün ilkinji gezek zir-zibilleri zyñyp gelmäge daşary çykýaryn. Begenjime haýsy eşigimi geýjegimi bilemok.

* * *

Dellekhanalar ýapyk diýip, herkes saçyny nädäýipdir, edil ýöne spartaly serdaryñ kellesi ýaly.

* * *

Oturýan otagyma Izmir, aşhanama Ankara, ýatýan otagyma-da - Stambul dakdym, şäherme-şäher aýlanyp ýörün.

* * *

Taryhda ilkinji gezek bütin dünýäniñ aýallary ärleriniñ nirdedigini bilýärler.

* * *

Odekolon çüýşesini kir ýuwujy serişde bilen, kir ýuwujy serişdäniñ gabyny odekolon bilen, odekolon çüýşesini sirke bilen ýuwýaryn. Däliremegime az-owlak wagt galdy.

* * *

Asyryñ hekemi (worzakony) korona. Dünýäde näçe kafe-bar, pawilýon, kazino, meýlishana, humar oýnalýan ýer bolsa, bir özi ýapdy oturyberdi.

* * *

Ýer titrejekmiş, öýe giräýmäñ. Wirus bar, öýden çykaýmañ. Bu näm boluş, abraýy bilen sag-aman ölüp dynaýsak...

* * *

Öýdeçi gyz gözleýänlere buşluk, indi gyzlaryñ hemmesi öýdeçi!

* * *

Öñler kompýuterlerimize wirus degäýmesin diýip gaýgy edýärdik, indi özümize degäýmesin diýip gaýgyda.

* * *

Tomus ýakynlaşýar - güneşläp hezil ederin durkam, öýde porsap galmaly boldum.

* * *

Maşgala agzalarymyz üýşüp balkonda çaý içdik, kakam: "Wagt boldy, indi öýe gaýdalyñ" diýdi.

* * *

- Allahym, dünýäni gezmegi arzuwlandygym üçin öt günämi, ýaşaýan ýerimiñ töwereginde gezsemem razy!

* * *

- Pis ekeniñaý, korona! Bizi öýe gabap goýduñ, özüñem dünýäni gezip ýörsüñ. Utanç dälmi bu?

Edebiýat, broken heart tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir