Gülläp ösýän feminizim döwründe biziň dünýämizde aýallar ejiz pozisiýany saklamaklaryny dowam etdirýärler.Erkekler agyr zähmet bilen meşgullanýarlar.Mundan başga-da döwlet ýolbaşçy wezipelerini hem esasan erkekler öz elinde saklaýarlar.

Emma, Hytaýyň "Maso" taýpasynda hemme zat düýbünden başga.Ol taýpada ýaşaýan erkekler,olaryň jemgyýetinde aýallaryň baş orunda durýandygyny bilýärler we oňa garşy bolup durmaýarlar.

Taýpa Ýunnan günorta-günbatar prowinsiýasynda ýaşaýar we onuň halky 2000 ýyldan bäri matriarhat durmuşda ýaşap gelýär.Häzirki wagtda bu halkyň sany,40 müň töweregi adamdan ybarat.Ony başgaça "Gyzlar patyşalygy"diýip hem atlandyrýarlar.

Taýpadaky esasy işi aýallar ýerine ýetirýär.Olar mallary köpeldýärler,aw bilen meşgullanýarlar,daýhançylyk edýärler,jemgyýetçilik meselelerini çözýärler.Bu ýerdäki erkekler näme bilen meşgul?!Olar söwda-satyk,hünärmentçilik bilen meşgullanýarlar.Olara bolan garaýyş hem şeýle,edil ejiz jynsa bolan garaýyş ýaly.

Erkekleriň köpüsi wagtyny diňe hytaý şaşkasyny oýnamak bilen geçirýärler we beýle işsiz ýaşamakdan çigit ýaly hem namys etmeýärler.Bu ýeriň düzgüni şeýle.

Söýgi we maşgala gurmak meselesi boýunça bu taýpada hemme zat aýala bagly.Aýal öz göwnüne ýaran erkegi saýlaýar(ony a-sýa diýip atlandyrýarlar) emma,ol aýalyň göwnüne ýaramasa,aýal ondan islän wagty ýüz öwürüp bilýär.

Bir wagtyň özünde,bir näçe a-sýalara eýe bolmak erbet görülmeýär.Ýöne,bu ýagdaý gaty seýrek gabat gelýär.Maso aýallary gaty adalatly bolup:"Her kime deň-derejede ýetmeli"-diýen nakyla uýýarlar.

Masolylar nikalaşmaýarlar.Çagalary hemişe ene terbiýeleýär.Siz haýran galmagyňyz mümkün emma,çagalar hat-da öz atalaryny tanamaýarlar we olar hakda gyzyklanmaýarlar.Bu halkyň dilinde "ata" sözi ýok. Ene diýip bolsa,her bir maso aýalyna aýtmak mümkün.

Gyz çaganyň dogulmagy-hakyky baýramçylyk.Gyz çaga doguran aýala "Hudaýlaryň nazary düşdi"hasaplaýarlar.Oglan çaga garaýyş bolsa,düýbünden erbet.

Taýpanyň käbir aýallary,olara erkekleriň gerek däldigini aýdarlar.Olaryň ýekeje funiksiýasy bar bolup,göwreli bolmak üçin gerekligidir.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir