Masatatsu Oýama 1923-nji ýylyň 27-nji iýulynda Günorta Koreýada dünýa inýär.Ol Ştokan we Goju-rýu karatesiniň ussady bolup,daga gidip ýekelikde söweş sungatyny ele alýar.Onuň maşyklary gaty agyr bolup,ýumrugy bilen daşy ikä bölmek,agajy döwmek,doňan derýada suwa düşmek ýaly maşklardan ybaratdy.

Adamlaryň arasyna gaýdyp geleninden soň,ol özüniň tejribeli söweşijidigini subut edýär.Ol 52 öküzi ýumrugy bilen urup ýere ýykýar,aýasy bilen urup öküzleriň şahyny döwýär 3 öküzüň bolsa kellesine urup,bir urguda öldürýär.Onuň howply urgusy sebäbli oňa "Ylahy el" diýip lakam berýärler.

Oýama 1952-nji ýylda ABŞ boýunça turnir guraýar.Onuň bilen güýç synanyşmak isleýänleri kabul edip,Oýama ýekeje urgusy bilen,bir näçe sekunta garşydaşlarny ýegsan edýär.

1957-nji ýylda ol özüniň täze karate tehnikasyny oýlap tapýar we oňa "Kýokuşin usuly" diýip at berýär.

Oýama özüni söweş sungatynda kumite(dynç almazdan yzgider söweşmek) arkaly kämilleşdirýär.Ýagny, söweşde ýeňiş gazanandan soň hem arakesmesiz,ýeke-ýekeden söweşijiler bilen urşy dowam etdirýär.Oýama gününe 100 söweşiji bilen urşup,3 günüň dowamynda 300 sany garşydaşyny ýeňip başarýar.

Ol diňe garşydaşy söweşi dowam etdirip bilmejegine gözi ýetenden soň,söweşi bes edýär.Kýokuşin karatesi boýunça 4 derejäni almak üçin 100 garşydaşy yzgiderlikde ýeňmeli.Bu düzgün häzir hem ýöreýär.Täsin başarnyk eýesi we "Ylahy el" ady bilen tanalan Mas Oýama 1994-nji ýylyň 26-njy aprelinde 70 ýaşynda aradan çykýar.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir