Isa jan berende, Hudaýyň ybadathanasyndaky Iň mukaddes ýer bilen Mukaddes ýeri bölýän tuty ýokardan aşaklygyna ikä bölünip ýyrtylýar. Şeýdip, Hudaý Ogluny öldüren adamlara bolan gaharyny görkezýär. Şeýle-de bu waka Iň mukaddes ýere, ýagny göge ýol açylandygynyň alamatydy (Ýewreýler 9:2, 3; 10:19, 20).

Muny gören adamlar gaty gorkýarlar. Goşun ýolbaşçysy bolsa: «Bu adam, dogrudan-da, Hudaýyň Ogly eken» diýýär (Markus 15:39). Ähtimal, Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada Pilatusyň öňünde jedel edilende, ol hem şol ýerde bolandyr. Indi bolsa ol Isanyň dogry adamdygyna we Hudaýyň Ogludygyna göz ýetirýär.


Bu barada yslam näme diýýär?
"Beýik Taňry Isany atasyz dünýä indirdi,Merýem ene päk ýagdaýda çaga dogurdy.Isa hiç hili ýadaýda Hudaýyň ogly däl".
"Isanyň13 adamdan ybarat egindeşi bardy,emma şol 13 adamyň biri Isa dönüklik etdi.Onuň duşmanlaryna Isanyň ýerini salgy berdi.Taňry Isanyň duşmanlary gelmezden ozal,Isany diriligine asmana göterdi we oňa dönüklik eden haýyny Isanyň keşbine saldy.Şeýlelikde,duşmanlary Isa pygamber diýip oýlap,başga bir adamy haja çüýlediler.Haja çüýlenen hakyky Isa däldi."

Meniň öz düşünişim boýunça.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir