Salam talyplar.com agzalary men bu soragy köpden bäri soraýyn diýip ýördüm. Meniň bir dostum bar, ol bir gyzy gaty halady. Ol gyzam dostumyň klasdaşy. Ýöne bu hem kinolardaky ýaly aýdyp bilmän gezip ýör. Ol gyza söz aýdan mahalynda, gyz hem sözüni almasa diýip gorkup ýör.
Gyz hem örän agras, ulumsy, owadanja gyz. Mundan öň 10-a golaý oglan söz aýtdy, hiçisini hem almady. Gaýtam ol oglanlaryň ýüzüni alyp göýberdi. Meň dostum hem gyza söz aýdan mahalynda şeýle bolar öýdüp gorkýar. Belki aýdyp bilmän bu soňkuja ýylyny hem geçirer. Ol gyz hem dostumy erbet görenok, dost ýaly mekdepdede.
Indi men hem bu söýgüň bular ýaly gutarmagyny islämmok, ol dostuma kömek edesim gelýär. Men oňa mekdep başlaýança aýtsaňa aýdýaň, aýtmasaňam özüm seň ýeriňe aýdyp berýän diýdim. Ol hem özüm mekdep başlasa aýtjak diýýä, ýöne meni howlukdyrma diýýä. Bilýän ony howlukdyrmasam hiç hili aýdyp bilmän gezer, sebäbi 3ýyl bäri şeýdip gelýär, aýtjak diýp utanyp ýör.
Indi size sorag
1. Nädip aýtmaly?
a) ýüzüne aýtmaly
b) hat ýazmaly
ç) birine aýtdyrmaly
2.Başgada nähili pikirleriňiz bar bolsa aýdaýyň?

Sorag-jogap, Wrestling tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir