Yslamda arak düýbünden gadagan edilen.Diňe derdiňe em bolaýjak ýagdaýlarda,az mukdarda ulanmaga rugsat berilýär.Namaz okap arak içýän adamlar nädýär?"Maňlaýa ýazylan bolsa içmän gitjek ýeriň ýok" ýa-da "Içen aragyň täret bilen ýuwulup gidýär"-diýip aragy basyp oturýarlar.Bir adam yslam dinini kabul etdimi,hökmam şol adam onuň şertlerinem kabul etmeli.Din öz şertleri bilen din.Şertlerini ýerine ýetirmeseň diňe gury musulman adyny göterip ýöreniň galýar.Dünýäde gury musulman adyny göterip ýörenler azdyr öýdýärsiňizmi?Musulmançylygyň şertlerini 10% dogry ýerine ýetirip bilmeýärler.Biziň özümizem şol şertleriň göwnejaý doly ýerine ýetirip bilmeýäris.Özümize musulman diýýäris.Hany musulman bolup 5 wagt namaz okaýarysmy,araza tutýarysmy,boş wagtymyz öýde Gurhan açyp tagat ybadat bilen meşgul bolýarysmy,arak,çilim,nasdan özümizi uzak saklaýarysmy,ýarym-ýalaňaç bihaýa gyzlara seretmeýärismi,bihaýa kinolary görmeýärismi,birinden ýerliksiz güman etmeýärismi?....Aý ýok,biz özümize musulman diýýäris.Boş wagtymyz magazine baryp çigit alyp,telewizoryň garşysynda özlerini ýokary derejeli musulman halk hasap edýän,türk diýen milletiň ýarym-ýalaňaç aýallaryndan doly seriallaryny ýatyp tomaşa edýäris,internetde birek-birek bilen hapa-paýyş sögüşýäris.Ýene agzymyzy doldurup utanman "men musulman" diýýäris.Hyýalymyzda "men musulman"diýenimiz üçin jennetiň ortasyna düşüräýjek ýalydyrlar.Ýok,musulman boldukmy onuň şertlerinem ýerine ýetirmäge borçly biz.Özümize kyn bolsa-da,agyr görünse-de hökman şol şertleri ýerine ýetiräýmeli.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir